Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa Kaddafi hökümetiniň ABŞ bilen gepleşik geçirendigini aýdýar


Liwiýa hökümetiniň sözçüsi Muammar Kaddafiniň hökümetiniň wekilleri, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary sazlamak üçin, ABŞ resmileri bilen ýüzbe-ýüz duşuşyk geçirdi diýdi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň resmisi bu duşuşygyň bolandygyny tassyk etdi, ýöne ol munuň diňe Kaddafiniň iş başyndan çekilmelidigini aýtmak üçin edilendigini we başga duşuşygyň planlaşdyrylmaýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Bu duşuşyk anna güni, ABŞ we 30-dan gowrak döwlet Stambulda gündogarda ýerleşýän gozgalaňçylary Liwiýanyň kanuny hökümeti diýip ykrar etmek üçin duşuşanlaryndan soň boldy.

Liwiýanyň sözçüsi Musa Ibrahim duşuşygyň şenbe güni bolandygyny aýtdy, ýöne ol onuň nirede we kimleriň gatnaşmagynda bolandygyny aýtmakdan boýun gaçyrdy.
XS
SM
MD
LG