Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Klinton Günorta Hytaý deňzindäki ýagdaýa alada bildirdi


Ýekşenbe güni Indoneziýanyň Bali adasynda howpsuzlyk meselesine bagyşlanylyp geçirilýän halkara konferensiýasynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Günorta Hytaý deňzindäki dartgynly wakalara öz aladasyny bildirdi.

Hususan-da, ol bu gürrüňi edilýän deňizdäki territorial dawalar sebäpli ýüze çykan dartgynly ýagdaýlary ýazgaryjy ýörite rezolýusiýanyň kabul edilmegine çagyryş etdi.

Hytaý Günorta Hytaý deňzini tutuşlygyny özüne degişli hasaplaýar. Emma bu deňiz bilen serhetleşýän Bruneý, Malaýziýa, Wýetnam, Filippinler we Taýwan ýaly ýurtlar hem deňziň territoriýalaryna belli bir derejede dawa edýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG