Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Abadan partlamalary Aşgabatda kän duýulmady”


Abadan şäheriniň 10 kilometr gündogarynda, 7-nji iýul.
Abadan şäheriniň 10 kilometr gündogarynda, 7-nji iýul.
7-nji iýulda Türkmenistanyň Abadan şäherinde bolan partlamalaryň şäheriň özüne we ýaşaýjylaryna ýetiren zyýany barada şu günki güne çenli gapma-garşy maglumatlar gowuşýar.

Wakanyň sebäpleri we netijeleri barada ilkinji günlerde yglan edilen resmi maglumatlar garaşsyz çeşmelerden gowuşýan maglumatlardan tapawutlanýar. Azatlyk Radiosy abadan wakalary barada gyzyklanyp, jikme-jik maglumat toplamagyny dowam etdirýär.

Azatlyk Radiosyndan Gözel Hudaýberdiýewa türkmenistanly ýurist Ýewgeniý Greçuhin bilen şol wakalar barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý, Abadanda partlamalar bolanda, siz niredediňiz we bu waka barada nädip bildiňiz?

Ýewgeniý Greçuhin: Maňa bu habar şol günüň özünde agşam ýetdi. Muny Aşgabatdaky howlymyzda goňşular gürrüň berdi. Şonda pirotehniki serişdeleriň partlanlygy aýdyldy. Bu habar maňa agşam sagat 10-nyň töwereginde ýetdi. Emma şol wagt paýtagtda onuň golaýynda heläkçilikli wakanyň bolup geçýänligi asla duýulmaýardy.

Azatlyk Radiosy: Ýurtdan gowuşýan käbir maglumatlarda Abadandaky ýangynyň Aşgabatda-da duýlanlygy habar berlipdi. Siziň özüňiz partlamalaryň haýsy-da bolsa bir täsirini duýduňyzmy?

Ýewgeniý Greçuhin: Partlama barada has jikme-jik maglumatlar maňa şol günüň ertesi, Aşgabadyň ýaşaýjylary bu barada has köp gürrüň edip başlansoň, belli boldy. Şonda käbirleri Abadandaky partlamalaryň güýçli tolkunlaryny Aşgabatda duýandyklaryny gürrüň berdiler.

Meniň özüm muny duýmandym. Emma 7-nji iýulda men öýlän sagat 5-de öýe baramda, elektrik togunyň güýji üýtgäp başlady. Kondisioner öçüp galdy. Men şonda munuň sebäbini bilmändim we yssyda kondisionerler köp ulanylansoň, elektrik sistemasyna agram düşendir diýip çakladym. Sebäbi toguň öçüp durmagy Aşgabatda bolýan adaty bir waka. Şonuň üçin şol pursatda men, Abadandaky wakalar barada entek bilmämsoň, muny partlamalar bilen baglanyşdyrmandym.

Azatlyk Radiosy: Aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili barada gürrüň berseňiz. Şol wagt mobil telefonlaryň işleýşi we internet aragatnaşygy nähilidi?

Ýewgeniý Greçuhin: Men mobil aragatnaşygyndan peýdalanmaýaryn. MTS ýurtdan çykansoň, men telefonsyz galdym. Men internetdenem peýdalanamok. Şonuň üçin olaryň işläp-işlemänligini özüm duýmadym.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý, siz Abadanda bolan partlamalar we onuň adamlara ýetiren täsirleri barada näme bilýärsiňiz?

Ýewgeniý Greçuhin: Men esasan başgalardan eşiden zatlarymy bilýärin. Partlamanyň örän güýçli bolanlygyny bilýärin. Heläk bolanlar barada Aşgabatda dürli sanlar öňe sürlüpdi. Men ilki 500 adam, soňam 700 adam çemesi diýip eşitdim. Bu sanlaryň näderejede ynamlydygyny aýdyp biljek däl. Men öz eşiden zatlarymy gürrüň berýärin.

Azatlyk Radiosy: Ýurduň ýaşaýjylary milli habar serişdelerinde berilýän maglumatlara köp halatlarda üns bermeýärler. Çap edilýän zatlar bilen gyzyklanmaýarlar. Siziň pikiriňize görä, muňa näme sebäp bolýar?

Ýewgeniý Greçuhin: Türkmenistanda köp zatlar barada köplenç habar berilmeýär. Partlamanyň ertesi anna güni men goňşularymyň öýüne baryp, “Watan” teleprogrammasyny gördüm. Şonda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin maslahaty görkezildi, emma ýaňy bolan partlama barada ýekeje-de söz aýdylmady. Şol wakalaryň hökümet maslahatyndamy ýa-da diňe şol informasion programmada ünsden düşürilenligi belli däl.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň arasyndan siz haýsysyndan peýdalanýarsyňyz?

Ýewgeniý Greçuhin: Men onlarça ýyllaryň dowamynda her gün ertir irden ors dilinde çap bolýan gazeti okaýaryn. Öň bu “Türkmenskaýa Iskrady” häzir “Neýtralnyý Turkmenistan”. Üstesine, Aşgabat şäheriniň ýolagçy awtobuslarynda, adatça, täzelikler radiokanaly işleýär. Şol täzelikler türkmen dilinden başga ors we iňlis dillerinde hem berilýär. Men şol täzelikleri-de diňleýärin.

Azatlyk Radiosy: Siz Azatlyk Radiosynyň gepleşiklerini diňleýärsiňizmi?

Ýewgeniý Greçuhin: Azatlyk Radisoynyň gepleşikleri türkmen dilinde bolansoň, men diňlemeýärin, internet sahypasyna hem girip görmedim. Emma Radioňyzyň ýurtda diňlenýänligini bilýärin. Esasan türkmenler we türkmen dilini bilýän adamlar diňlýärler.

Ýene bir zat, ençeme ýyl bäri reklamalar çap edilýän gazetde sowet döwründe öndürilen “Spidola” we “Okean” ýaly radiopriýomnikleri satyn almaga isleg bildirýän bildirişler köp. Bu radiopriýomnikler gysga tolkunlarda gidýän gepleşikleri diňlemek üçin oňaýly. Häzirki wagtda köp adamlar radiony satellit çanaklar arkaly hem diňleýär. Internet barada aýdylanda, onuň Aşgabatdaky we ýurtdaky tizligi pes bolsa-da, adamlaryň Radioňyz bilen gyzyklanýanlygyny bilýärin. Men muny anyk aýdyp biljek.
XS
SM
MD
LG