Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝDÖB-niň çaklamasy: 2011-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi 10 prosent bolar


ÝDÖB ýurtlaryň ykdysady ösüşi boýunça edýän öz çaklamalarynda Türkmenistan boýunça sanlaryň iň ýokary görkezijidigini belleýär.
ÝDÖB ýurtlaryň ykdysady ösüşi boýunça edýän öz çaklamalarynda Türkmenistan boýunça sanlaryň iň ýokary görkezijidigini belleýär.

22-nji iýulda Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky (EBRD) öz işleşýän regiony boýunça nobatdaky çaklamalaryny çap etdi.

Ýylyň her çärýeginde çap edilýän bu hasabatda öňki Sowet Soýuzynyň respublikalarynyň, öňki ýugoslawiýa ýurtlarynyň, käbir gündogar ýewropa döwletleriniň, şeýle-de Türkiýäniň we Mongoliýanyň ykdysady ýagdaýyna we ösüş üçin perspektiwalaryna baha berilýär.

Täze çaklamalara görä, geçiş ykdysadyýetli jemi 29 ýurdy öz içine alýan region boýunça iň uly ösüşe Türkmenistandan we Mongoliýadan garaşylýar. Hasabatda Türkmenistanyň umumy içerki önümçilik derejesi şu ýyl 10% öser diýlip, çak edilýär.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň metbugat geňeşçisi Sergeý Gritsenko Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “2011-nji ýylda ýurduň ykdysady ösüşi dowam edip, onuň 10% töwereginde boljagy çak edilýär. 2010-njy ýylda bolsa Türkmenistanyň umumy içerki önümçiliginiň derejesi 9,2% bolupdy”.

ÝDÖB-niň çaklamasyna görä, geçiş ykdysadyýetli jemi 29 ýurdy öz içine alýan region boýunça iň uly ösüşe Türkmenistandan we Mongoliýadan garaşylýar.
Gritsenkonyň sözlerine görä, Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň edýän çaklamalary ýurtlaryň resmi maglumatlaryna we garaşsyz ykdysady barlaglara esaslanýar.

“Ýurtlaryň ykdysadyýet ministrlikleriniň, maliýe ministrlikleriniň maglumatlary analiz edilýär. Şeýle-de ýurtlara biziň her region boýunça iş alyp barýan öz ykdysadyýetçilerimiziň maglumatlary esasynda baha berilýär” diýip, Gritsenko belledi.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň resmisiniň bellemegine görä, Türkmenistanda beýleki ýurtlara garanda has uly ösüşiň bolmagy baradaky çaklamalara ýurtda alnyp barylýan gurluşyk proýektleri, ýurduň Eýrana we Hytaýa edýän gaz eksporty we dünýäde ýangyç-energiýa serişdeleriniň barha gymmatlamagy öz täsirini ýetirýär.

Bankyň hasabatyna görä, umuman Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlar geçen ýyl bilen deňeşdirilende şu ýyl depginli ösüşe eýe bolar.


Wideo: Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň baş ykdysatçysy Erik Berglof soňky çaklamalar barada düşündiriş berýär. (Iňlis dilinde)

Muňa garamazdan, bu regionda inflýasiýanyň güýçlenjegi hem çak edilýär. Muňa dünýäde azyk önümleriniň bahasynyň gymmatlamagy, çig malyň nyrhynyň göterilmegi we ýurtlaryň içerki bazarlarynda haryda bolan talabyň güýçlenmegi öz täsirini ýetirer.

Nyrhlaryň ençeme görnüşiniň döwletiň gözegçiligindedigi göz öňünde tutulsa, onda 2011-nji ýylda Türkmenistanda inflýasiýanyň derejesi ortaça 5,5%-e çenli pes bolar diýip, Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky çak edýär.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky ýurtlaryň ykdysady ösüşi boýunça edýän öz çaklamalarynda Türkmenistan boýunça sanlaryň iň ýokary görkezijidigini belleýär.

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda bolsa ýurduň ykdysady ösüşine degişli has uly sanlar berilýär. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti 2011-nji ýylyň ilkinji 4 aýynda ýurduň jemi içerki önüminiň deňeşdirme nyrhlardaky ösüş depgini 114,4% boldy diýip, maglumat berýär.
XS
SM
MD
LG