Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: özbek raýaty Obamany öldürmek barada haýbat atmakda aýyplanýar


Özbegistanyň raýaty Ulugbek Kodirow
Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň federal sudy asly özbegistanly 21 ýaşly Ulugbek Kodirowa prezident Barak Obamany öldürmek barada haýbat atmakda hem-de bikanun ýarag götermekde jenaýat aýyplamasyny bildirdi.

Birleşen Ştatlaryň resmileri Alabama ştatynyň Birmingam şäheriniň sudýasynyň oňa hepdäniň sişenbe güni ABŞ-nyň prezidentiniň janyna kast etjekdigi barada dört gezek haýbat atmakda günä bildirendigini mälim etdiler.

Mundan daşary, Ulugbek Kodirowa bikanun ýagdaýda birnäçe granat hem-de M15 awtomat ýaragyny saklandygy üçinem jenaýat aýyplamasy bildirilipdir.

Resmi beýanatda aýdylmagyna görä, Kodirow 13-nji iýulda Alabama ştatyndaky “Leeds” myhmanhanasynda, ABŞ-nyň howpsuzlyk güýçleri bilen işleşýän gizlin agentden ýarag satyn alandan soň, tussag edilipdir.

Oňa prezident Obama garşy her bir haýbaty üçin 5 ýyla çenli, saklan bikanun ýaraglarynyň hersi üçin bolsa 10 ýyl türme tussaglygy garaşýar.

Amerikan resmileriniň maglumatynda özbek raýaty Ulugbek Kodirowyň 2010-njy ýylyň aprelinden bäri Birleşen Ştatlarda bikanun ýaşandygy aýdylýar.

Maglumata görä, öz okuw jaýyna barmaly möhletinde barmandygy üçin, onuň student wizasynyň güýji 2010-njy ýylyň aprelinde ýatyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG