Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Orsýet bilen Belarusyň birleşmegini goldaýar


Premýer-ministr Wladimir Putin Orsýetiň günbatar goňşusy Belarus bilen birleşmegi baradaky çagyryşlary özüniň golýandygyny aýtdy.

Belarus 1991-nji ýylda SSSR dargaly bäri garaşsyz döwlet hökmünde dolandyrylýar.
Putin duşenbe güni merkezi Orsýetdäki Seliger ýaşlar lagerinde çykyp gürläp, sowet usulyndaky birleşigiň “mümkindigini, gerekdigini we doly belarus halkynyň öz erkine baglydygyny” aýtdy.

Orsýet bilen Belarusyň bireýýämden bäri açyk serhetleri bar we olaryň raýatlary iki ýurtda arkaýyn syýahat edip, işläp bilýärler.
XS
SM
MD
LG