Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Siriýany maslahat edýär, has köp gepleşik planlaşdyryldy


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Siriýa režimini oppozisiýa tarapdarlaryna garşy görýän ganly çäreleri üçin jogapkär etmek barada ýapyk gapylaryň arkasynda sekiz sagada golaý maslahat geçirdi.

Diplomatlar sişenbe gününiň diskussiýalary mahalynda rezolýusiýa taslamasy barada ylalaşyga gelnip bilinmändigini aýdýarlar.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witiliý Çurkin žurnalistlere Howpsuzlyk geňeşiniň wekilleriniň öz hökümetleri bilen maslahatlaşyp, üçünji gün gepleşikleri ýene dowam etdirjegini aýtdy.

Çurkin taslamada öz çagyran we Moskwanyň goldap biljek "zerur deňagramlylygynyň" heniz gazanylmandygyny aýtdy.

Diplomatlar Howpsuzlyk geňeşine girýän döwletleriň arasynda prezident Başar al-Assadyň protestçileri basyp ýatyrmagyny ýazgarmak boýunça taslanan rezolýusiýa barada bölünişigiň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG