Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahreýnde ozalky şaýy deputatlarynyň ikisi azat edildi


Ýekşenbe güni Bahreýniň döwlet telewideniýesi ýurduň hökümetiniň şu ýylyň başynda hökümete garşy protest çykyşlarynda aýyplanyp tussag edilen ozalky şaýy deputatlarynyň ikisiniň azatlyga goýberlendigini mälim etdi.

Maglumata görä, bu protest çykyşlary bilen baglanyşykly tussag edilenlerden ýene birnäçesi düýn azatlyga goýberilipdir.

Şaýy deputatlary Jawad Faýrouz bilen Matar Ibrahim şu ýylyň başynda demonstrasiýaçylara garşy güýç ulanylmagyna protest bildirip, öz deputatlyk wezipelerinden çekilipdiler.

Bir müňden gowrak adamyň ölümine getiren şol protest çykyşlary, aglaba, Bahreýniň şaýy mezhebine degişli ilaty tarapyndan gurnalypdy.

Şaýylar Bahreýniň ilatynyň 70 prosente golaýyny düzýär.
XS
SM
MD
LG