Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk ilçisi Siriýanyň “uly alada” döredýändigini aýdýar


Türkiýäniň Çehiýadaky ilçisi Jihad Erginaý Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynda, Praga.
Türkiýäniň Çehiýadaky ilçisi Jihad Erginaý Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynda, Praga.
Türkiýede we onuň töweregindäki ýurtlarda soňky döwürlerde uly özgerişlikler bolup geçýär.

Ýakynda Türkiýäniň armiýasynyň ýokary derejeli dört harby ýolbaşçysy - Baş general, Gury ýer, Howa we Harby-deňiz güýçleriniň ýolbaşçylary wezipelerinden çekilip, pensiýa çykdylar. Olaryň bu ädimi Türkiýäniň goňşusy Siriýa bilen bir hatarda regionda ýerleşýän käbir beýleki ýurtlarda ýurduň häkimiýetlerine garşy protestleriň dowam edýän we barha möwjeýän wagtyna gabat geldi.

Türkiýäniň Çehiýadaky ilçisi Jihad Erginaý Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynda myhmançylykda boldy. Regional ýagdaýlar, Türkiýäniň içerki meseleleri barada gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy ilçi bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Siriýada hökümete garşy protest edýän toparlary howpsuzlyk güýçleriniň basyp ýatyrmaga synanyşmagyna “wagşylyk” diýip, baha berdi. Mundan ozal prezident Başar al-Assadyň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen Türkiýäniň gowy gatnaşygy bardy. Şeýle gandöküşlikden soňra, Assadyň Siriýanyň ýolbaşçysy hökmünde wezipesini dowam etdirmegine Türkiýe nähili baha berer?

Erginaý: Siziň hem bilişiňiz ýaly, Siriýa Türkiýäniň iň ýakyn we möhüm goňşularyndan biri. Ol uly ýurt. Biziň Siriýanyň ilaty bilen juda oňyn gatnaşygymyz bar. Biziň şol ýurtda garyndaşlarymyz bar.

Serhediň iki tarapynda ýaşaýan şol maşgalalar ençeme ýyllap biri-birinden üzňelikde ýaşadylar. Emma soňky birnäçe ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda wiza režiminiň ýatyrylmagy olaryň gatnaşygynyň gaýtadan ýola goýulmagyna mümkinçilik döretdi. Wiza režiminiň ýatyrylmagynyň iki ýurduň ykdysadyýetine hem oňyn täsirini ýetirendigine ynanýaryn.

Mysal üçin, iki ýurduň arasynda ýola goýlan bu gatnaşyk serhet liniýasynyň Siriýa tarapynda ýerleşýän Aleppo we Türkiýe tarapynda ýerleşýän Gaziantep şäherleriniň ykdysadyýetine juda pozitiw goşandyny goşdy.

Geçen ýyllarda iki ýurduň Ministrler Kabinetiniň bilelikdäki ýygnaklary geçirilerdi we olar ähli problemalar, ýagny infrastruktura, energiýa, we suw ýaly meseleler barada pikir alşyp, oňa bilelikde çözgüt tapmak barada tagalla ederdiler. Gatnaşyklaryň derejesi ýokarydy.

Emma soňky birnäçe aýyň dowamynda Siriýada bolup geçýän wakalar, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekiliniň-de belläp geçişi ýaly, Ankarany juda alada goýýar.

Biz Ýakyn Gündogarda bolup geçýän wakalara halkyň gijigen reaksiýasy hökmünde baha berýäris. Ol Gündogar Ýewropada bolşy ýaly, halk tarapyndan mundan onlarça ýyl ozal görkeziläýmeli reaksiýalardy. Biz şol wakalary ýakyndan yzarlaýarys. Biz olara gumanitar ýardam berip, Türkiýäniň demokratik tejribelerini paýlaşmak we strukturalaryny senagatlaşdyrmak nukdaýnazaryndan olara elimizden gelen kömegi etmäge synanyşýarys.

Tunisi mysal hökmünde alsak, haçanda şol ýurtda rewolýusiýa amala aşyrylanda, biz Ýewropanyň geňeşiniň ýolbaşçysydyk. Onsoň Geňeşiň baş sekretarlygy bilen bilelikde Türkiýäniň daşary işler ministri Tunise sapar edip, olar bilen gepleşikler geçirdiler.

Biz olar bilen öz tejribelerimizi paýlaşyp, Tunisiň wagtlaýyn hökümetiniň Ýewropanyň geňeşiniň Wenesiýa Komissiýasyndan peýdalanmalydygy barada ylalaşdyk. Bu prosesiň dowamynda olar öz demokratiýalarynda öňegidişlik gazanmak üçin Geňeşiň strukturalary bilen hyzmatdaşlyk edýärler we bu komissiýa degişli ugurda ýardam berýär.

Biz regionda bolup geçýän wakalar, şol sanda Siriýadaky gozgalaňlaryň gepleşik, hyzmatdaşlyk we demokratik prosesler arkaly çözülmelidigine ynanýarys, emma bu zatlar soňky döwürlerde Siriýada göze ilmeýärdi.

Biz bolup geçýän şol wakalar barada alada galýarys, biz ähli reformalar we şol ýurduň administrasiýasy tarapyndan wada berlen reformalar iş ýüzünde amala aşyrylar diýip, umyt edýäris.

Azatlyk Radiosy: Ol prezident Assadyň ýagdaýy barada nämäni aňladýar?

Erginaý: Prezident Assad - bu Siriýanyň halkyna degişli mesele. Men başga bir ýurduň lideri barada pikir beýän edip biljek däl.

Azatlyk Radiosy: 2010-njy ýylda Türkiýe Eýran bilen onuň ýadro programmasy barada ylalaşyga gelmäge synanyşypdy, emma ol başa barmandy, sebäbi ol Birleşen Ştatlar tarapyndan kabul edilmändi. Türkiýe, Eýranyň urany baýlaşdyrmagy dowam etdirendigi üçin, BMG tarapyndan Tährana garşy girizilen goşmaça sanksiýalara hem goldaw bermändi. Türkiýe, Günbatarda ýerleşýän aglaba ýurtlar ýaly, Eýranyň ýadro programmasynyň ýadro ýaraglaryny ýasamaga gönükdirilendigine ynanýarmy?

Erginaý: Türkiýäniň bu meselä garaýşy şundan ybarat: islendik ýurduň parahatçylykly maksatlar üçin ýadro programmasyny ösdürmäge hukugy bar.

Biz Eýranyň ýadro programmasy barada hem şeýle pikir edýäris. Ýagny, şol programma diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilmeli we onuň başga maksady bolmaly däl.

Diňe Eýranda däl, islendik ýurtda ýarag programmasy ösdürilse, bu Türkiýäni alada goýýar. Eýran Türkiýäniň goňşusy. Şonuň üçin şol ýurtda bolup geçýän wakalary biz ýakyndan yzarlaýarys. Onsoň biz Braziliýa bilen bilelikde Eýranyň urana bolan zerurlygynyň belli bir mehanizm boýunça üpjün edilmegi baradaky meseläni öz içine alýan we üç ýurduň goly bolan deklarasiýa boýunça iş alyp bardyk.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzasy bolan käbir ýurtlar tarapyndan garşy çykylmagynyň netijesinde, şol ylalaşyk iş ýüzünde amala aşyrylmady. Eger ol öz wagtynda işe girizilen bolsady, onda Eýranyň saglyk pudagy we keselhanalaryna zerur bolan baýlaşdyrylan uran Türkiýedir Braziliýanyň üsti bilen Eýrana tabşyrylardy.

Emma bu plan başa barmady. Indi häzirki döwürde Türkiýe Eýran bilen P5+1, ýagny ABŞ-nyň, Orsýetiň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Britaniýanyň wekilleriniň arasynda gepleşikleriň geçirilmegine hemaýat berýär. Bu mehanizm boýunça gepleşikleriň birinji tapgyry Ženewada we ikinjisi bolsa, Türkiýäniň Stambul şäherinde amala aşyryldy.

Biz bu gepleşige howandarlyk etdik we şol prosesiň hem dialogyň dowam etmegine umyt baglaýarys. Biz bu mesele boýunça hemmeler tarapyndan kabul ederlikli netijä gelnip, Eýrana garşy girizilen sanksiýalar ýatyrylar diýip, umyt edýäris.

Azatlyk Radiosy: Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejady Türkiýäniň dosty hökmünde häsiýetlendiripdi. Onuň bu beýanaty ençeme günbatarlylary geň galdyryp, olary alada goýupdy. Bu dostlugyň esasy özeni näme, bu diňe özara gymmatlyklardan ybaratmy?

Erginaý: Türkiýe bilen Eýranyň gatnaşygynyň uly geçmişi bar. Bu käbir halatlarda dartgynly bolup, käbir halatlarda bolsa dostlukly gatnaşyklardan ybaratdyr. Olar möhüm goňşy. Bu iki ýurduň serhet liniýasy dünýäniň iň gadymy serhetlerinden biridir, ol 650 ýyl bäri üýtgewsiz galýar.

Biziň şol ýurt bilen juda giň göwrümli söwda we ykdysady gatnaşygymyz bar. Bu hasam uly bolup bilerdi, ýöne, elbetde, oňa sanksiýalar ýaramaz täsirini ýetirdi. BMG tarapyndan girizilen şol sanksiýalara boýun bolup, biz şol sanksiýalaryň çägine girmeýän ugurlarda Eýran bilen mümkin bolan iň gowy gatnaşyklary dowam etdirmäge synanyşýarys. Bu iki ýurduň ilatynyň arasynda örän dostlukly gatnaşyk bar.

Eýranyň türk diline çalymdaş aksentde gepleýän millionlarça raýaty bar (azeri dilliler Eýranyň ilatynyň 25%-ini emele getirýärler). Onsoň biziň üçin olar bilen aragatnaşykda bolmak juda aňsat. Eger taryhy nukdaýnazardan seretsek, Türkiýäniň edebiýatynda Eýranyň, Eýranyň edebiýatynyň we diliniň uly täsiriniň bardygyna göz ýetirmek mümkin.

Şunlukda biz şeýle aýratyn gatnaşyklary iki ýurduň halkynyň, şeýle hem halkara jemgyýetçiliginiň bähbidine ösdürmäge çalyşýarys.

Azatlyk Radiosy: Ermenistan bilen gatnaşygyňyz barada aýdylanda, onuň ösmeginiň öňündäki päsgelçilik diňe Ýerewan tarapyndan köpçülikleýin gyrgynçylyk diýlip häsiýetlendirilýän 1915-nji ýylyň wakalaryndan ybaratmy?

Erginaý: Hawa, iki ýurduň, ýagny Ermenistan bilen Türkiýäniň 1915-nji ýylda bolan şol wakalara garaýyşlary biri-birinden tapawutly. Ermeniler oňa köpçülikleýin gyrgynçylyk diýip baha berýärler.

Emma biz birinji Jahan urşunda bolan şol wakalara gynandyryjy hadysa hökmünde garaýarys. Bu meselede iki tarapyň arasynda gowy pikir alşylmaly. Şol waka nähili boldy we oňa sebäp bolan zatlar näme diýlen meseläniň çözgüdi taryhçylara goýulmaly.

Türkiýä garşy şeýle aýyplamalar orta atylýarka, Türkiýäniň beýleki tarapynda 1915-nji ýylda bolan Gallipoli kampaniýasy ýatdan çykarylýar.

Şol döwürler Osmanly patyşalygy ençeme frontda göreşýärdi. Şol waka, elbetde, gynandyryjy, emma bu waka barada, premýer-ministr Erdoganyň aýdyşy ýaly, komissiýa düzülip, iki ýurduň taryhçylarynyň arasynda aç-açan pikir alşylmalydy. Mundan ençeme ýyl ozal edilen bu teklip, gynansak-da, kabul edilmedi. Emma biz iki ýurduň arasynda dostluk gapylarynyň açylmagy üçin ermenileriň şol komissiýa baradaky teklibi bir gün kabul etjekdigine umyt edýäris.

Azatlyk Radiosy: Türkiýäniň içerki meselelerine gelsek, mundan bir hepde ozal ýokary derejeli dört harby generalyň bir wagtda wezipelerinden çekilmegine nahili baha berýärsiňiz?

Erginaý: Generallaryň wezipelerinden çekilmek baradaky kararlaryna biz, elbetde, hormat goýýarys. Olar pensiýa çykdylar, emma ondan soň bolan wakalar Türkiýede demokratik sistemanyň düýpli ornaşandygyny görkezdi.

Şol generallaryň wezipelerinden çekilmeginden soňra, käbir gatlaklar tarapyndan bolmagyna garaşylýan krizis emele gelmedi. Ýagny, durum örän çalt kadaly ýagdaýa girdi. Netijede käbir harbylaryň ýokary wezipelere bellenmegi boýunça Harby geňeşiň ýygnagy kadaly ýagdaýda geçirildi we gün tertibindäki meselelere kadaly ýagdaýda garaldy.

Şol sebäpli, bu ýagdaý Türkiýede demokratiýanyň näderejede galyba girenligini we, Günbatarda bolşy ýaly, graždanlaryň harbylaryň üstünden gözegçiliginiň berkeýändigini görkezýär. Bu Günbatardaky ýurtlaryň hem özlerinde isleýän zatlary, ugrunda işleýän zatlary.

Mysal üçin, men NATO guramasynda hem işledim. Şol wagt NATO tarapyndan gurama agza bolmadyk hyzmatdaş ýurtlara berilýän proýektlerden biri hem graždanlaryň harbylara gözegçilik ediş strukturasy baradady. Netijede Türkiýe ýaly ýurduň şeýle maksada ýetmegi diňe gowulygyň alamaty.
XS
SM
MD
LG