Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow Oba hojalyk ministrliginiň işinden nägile


Prezident “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň oba hojalyk tehnikasynyň ulanylyşy boýunça alyp barýan işlerinden hem nägiledigini bildirdi.
Prezident “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň oba hojalyk tehnikasynyň ulanylyşy boýunça alyp barýan işlerinden hem nägiledigini bildirdi.
Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrleriň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideogörüşli iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda beýleki meseleler bilen birlikde ýurtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, güýzlük galla ekişi we pagta ýygymy baradaky meselelere hem garaldy.

Berdimuhamedow oba hojalyk pudagy boýunça alnyp barylýan işlerde, hususan-da ekerançylyk meýdanlarynda ulanylýan tehnikany abat saklamakda kemçiliklere ýol berilýändigi, däne ekişine we pagta ýygymyna taýýarlyk işlerinde äwmezlik edilýändigi üçin Oba hojalyk ministrliginiň işinden nägilelik bildirdi. Ol kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi talap etdi.

Prezident “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň oba hojalyk tehnikasynyň ulanylyşy boýunça alyp barýan işlerinden hem nägiledigini bildirdi.

Resmi maglumata görä, 2011-nji ýylda Türkmenistanda ýylyň gurak gelendigine garamazdan, 1 million 300 müň tonna töweregi bugdaý hasyly alnypdyr. Bu görkezijileri geçen aý mälim eden prezident Berdimuhamedow ýygnalan hasylyň ýurduň ilatynyň sarp etmegi üçin-de, geljek ýylyň bugdaý ekişinde ulanyljak tohumlyk däne üçin-de ýeterlik boljakdygyny belledi.

Emma Berdimuhamedow hasylyň bir böleginiň, geçen ýylky bolşy ýaly, daşary ýurtlara eskport edilip-edilmejigi barada dil ýarmady. Şu ýylyň başynda ol döwlet üçin zerur bolan möçberden artykmaç ätiýaçlyk galla hasylynyň biržanyň üsti bilen satylmagyny gurnamagy tabşyrypdy.

Artdyryp ýazmalar

Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe galla hasylynyň ýygnalyşy barada çişirilen hasabatlar ýaýradylardy. 2006-njy ýylda Türkmenistanda ýygnalan gallanyň mukdarynyň 3 million 500 müň tonna bolandygy barada resmi maglumat ýaýradylypdy.

Berdimuhamedow ýurduň prezidentligine saýlanansoň, galla barada ýalan hasabaty bermegiň nädogrudygyny aýdyp, köpçülige hakyky maglumatyň berilmegini talap edipdi. Netijede 2007-nji ýylda Türkmenistanda bary-ýogy bir million tonnadan gowrak gallanyň ýygnalandygy barada resmi maglumat berlipdi.

Emma Berdimuhamedowyň sowet döwründen gelýän artdyryp ýazmalara garşy çykanlygyna garamazdan, Türkmenistanda bu ýagdaýyň henizem saklanyp galýandygyny tassyklaýan faktlar bar.

Londonda ýerleşýän Uruş we parahatçylyk maglumatlary instituty pagtany artdyryp ýazmalar we şu ugurdaky käbir beýleki galplyklar bilen baglanyşykly Daşoguz welaýatynda maý aýynda 21 sany resminiň türme tussaglygyna höküm edilendigini ýazypdy.

Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynyň ýerine ýetiriji direktory Jon MakLaud, Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen planlaryň birneme azaldylandygyna garamazdan, ýokardan plan bermek we planlaryň dolmagy üçin hojalyk ýolbaşçylaryna basyş görkezmek syýasatynyň henizem dowam etdirilýändigini öňe sürýär.

MakLaud: “Daşoguzly resmileriň hakykatdanam şeýle galplyklary eden bolmaklary gaty ahmal. Sebäbi olaryň artdyryp ýazmalara ýüz urmaklary üçin döwlet tarapyndan edilýän basyşlar dowam edýär. Elbetde, bir tarapdan, bu resmiler jenaýat etmekde günäkär bolup bilerler. Emma, beýleki tarapdan, olar sistemanyň şuny talap edýändigi üçin şeýle etmäge mejbur bolýarlar” diýýär.

Türkmenistanyň pagta hasyly 2007-nji ýylda 950 müň tonna, 2008-nji ýylda 1 million tonna bolupdy. 2009-njy ýylda pagta hasyly boýunça resmi statistikanyň berilmedi, emma ABŞ-nyň Pagta boýunça Milli geňeşiniň maglumatynda 2009-njy ýylda Türkmenistanyň 1,1 million kip pagtany eksport edip, dünýä boýunça pagta eksport ediji ýurtlaryň arasynda 6-njy orny eýeländigi aýdylýar.

Türkmenistanda Nyýazow döwründe-de oba hojalygyň problemalary barada köp gürrüň edilipdi. Bu gürrüň Berdimuhamedow döwründe-de dowam edýär. Ýerli synçylar bu gürrüňlerden netije bolmajygyny, Türkmenistanyň oba hojalygynyň diňe daýhanlara erkinlik berlen, döwlet planynyň ýatyrylan ýagdaýynda galkynyp biljegini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG