Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň prezidenti Türkmenistana sapar eder


Metbugatda çap bolan käbir maglumatlarda Ýanukowiçiň Türkmenistana sentýabr aýynda barjakdygy habar berilýär.
Metbugatda çap bolan käbir maglumatlarda Ýanukowiçiň Türkmenistana sentýabr aýynda barjakdygy habar berilýär.
9-njy awgustda Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçisi Walentin Şewelew bilen geçiren duşuşygynda Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň Türkmenistana etjek sapary barada maslahat edildi.

Duşuşykda taraplaryň türkmen-ukrain gatnaşyklaryny ösdürmage we bilelikdäki proýektleri durmuşa geçirmäge taýýarlyk bildirdirendikleri resmi maglumatlarda bellendi. Ýurtlary gyzyklandyrýan esasy ugurlaryň arasynda ýangyç-energiýa, söwda-ykdysady, transport, şäher gurluşygy we agro-senagat pudaklary agzaldy.

Käbir maglumatlara görä, häzirki wagtda Türkmenistanda Ukrainanyň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 20-ä golaý kärhana we gurama işleýär.

Emma soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda söwda dolanyşygynyň çürt-kesik azalanlygy hem habar berilýär. Orsýetiň “Mir24” telekanalynyň bellemegine görä, 2004-2010-njy ýyllar aralygynda iki ýurduň haryt dolanyşygy 12 esse azalyp, 4,3 milliard dollardan 359 million dollara çenli kemelipdir.

Ukrainanyň prezidentiniň Türkmenistana etjek saparynyň dowamynda garaljak meseleler barada habar berilmeýär. Ukrain prezidentiniň administrasiýasynda Azatlyk Radiosyna aýdylyşyna görä, bu saparyň wagtyna we gün tertibine degişli tema administrasiýada entek maslahat edilmändir.

Metbugatda çap bolan käbir maglumatlarda Ýanukowiçiň Türkmenistana sentýabr aýynda barjakdygy habar berilýär.

Sapardan nämä garaşylýar?

Bilermenler Ukrainanyň prezidentiniň Türkmenistana saparynyň ykdysady häsiýete eýe boljagyny çak edýärler. Orsýetiň Ýokary ykdysady mekdebi atly döwlet uniwersitetiniň informasiýa, ykdysadyýet we syýasat boýunça fakultetiniň ýolbaşçylaryndan Andreý Suzdaltsew Ýanikowiçiň taýýarlanýan bu saparyny häzirki wagtda Ukrainanyň Orsýet bilen gaz ylalaşyklaryny ýatyrmak üçin edýän tagallalarynyň daşynda turan dawa bilen baglanyşdyrýar.

Andreý Suzdaltsew
— Ýanukowiçiň we Ukrainanyň Türkmenistan babatynda alyp barýan syýasaty öňküligine galýar. Türkmen gazy Ukraina Orsýet tarapyndan akdyrylýan hem bolsa, Türkmenistan Ukraina üçin esasy gaz çeşmesi bolup galýar. Häzirki wagtda Kiýew bilen Moskwanyň arasynda agyr diskussiýa gidýär. Ukrain tarapy öňki premýer Ýuliýa Timoşenkonyň Kreml bilen öz wagtynda baglaşan gaz ylalaşygyny ýatyrmak isleýär. Bu ýagdaýda gaza baý Türkmenistanyň ähmiýeti hasam artýar. Arzan gazy satyn almak maksadyny göz öňünde tutýan Ukraina özüne goldaw gözleýär. Şeýlelikde Ýanukowiçiň Türkmenistana saparynyň razwedka hasiýetine eýe boljagyny we onuň Moskwa basyş etmek üçin ýol gözläp Aşgabada barýanlygyny çak edip bolar - diýip Andreý Suzdaltsew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, 9-njy awgustda Aşgabatda Ukrainanyň prezidentiniň Türkmenistana geljekki sapary boýunça geçirilen duşuşyk ukrain tarapynyň haýyşy bilen geçirilipdir.

Ukrainanyň prezidenti tarapyndan Türkmenistana edilen soňky sapar 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda bolupdy. Ukrainanyň şol wagtky prezidenti Wiktor Ýuşenko ukrain gurluşykçylary tarapyndan gurlan Amyderýanyň üstünden geçýän demirýol köprüsiniň açylyş dabarasyna gatnaşypdy. 1999-njy ýylda düýbi tutulan, bahasy 123 million dollarlyk bu köpri “Ukrtransstroý” kompaniýasy tarapyndan gurlupdy.
XS
SM
MD
LG