Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gandagarda hökümetde işleýän bir aýal bilen 4 howpsuzlyk işgäri öldürildi


Resmiler Gandagarda bolan aýry-aýry hadysalarda ýerli hökümet edarasynda işleýän bir aýalyň we dört howpsuzlyk işgäriniň öldürilendigini aýdýarlar.

Welaýatdaky hökümet sözçüsi Zalmaý Aýýuby Radia Sadatyň merkezi Gandagarda işe gitmek üçin öýünden çykanda, irden atylyp öldürilendigini aýtdy.

Hökümet sözçüsi bu jenaýaty «Owganystanyň duşmanlaryndan» görýändigini aýtdy.

Polisiýa bolsa, üç sany ajalyna kaýyl bombaçynyň duşenbe güni howpsuzlyk kompaniýasyna hüjüm edendigini aýtdy.

Bu hüjümde owgan howpsuzlyk işgärleriniň dördüsi ölüp, sekizisi ýaralanypdyr. Hüjümiň jogapkärçiligi “Talyban” öz boýnuna aldy.
XS
SM
MD
LG