Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagta ýygymyna ak pata berildi, hasyl öwerlik däl


Dürli-dürli zyýankeş möjejikler belli bir derejede pagtanyň boldumly kemala gelmegine ýaramaz täsirini ýetirýär.
Dürli-dürli zyýankeş möjejikler belli bir derejede pagtanyň boldumly kemala gelmegine ýaramaz täsirini ýetirýär.

19-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymynyň başlanmagyna ak pata berdi.


Her ýylda bolşy ýaly, bu gezek hem il içinde hormatlanýan, abraýly ýaşulularyň gatnaşmagynda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji awgustda, Daşoguz welaýatynda 31-nji awgustda pagta ýygymyna badalga berler.

Resmi derejede pagta ýygymyna girişmäge bellenilen wagt kesgitlenen-de bolsa, Mary, Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda pagta ýygymyna iki hepde mundan öň girişildi.

Prezident pagta ýygymynyň başlanmagyna ak pata berse-de, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýyl «ak altyn» hasylynyň näçe tonna ýygnalmalydygy hakda kelam-agyz aýtmady.

Ýurduň prezidentiniň şu ýylyň täze ýyl gutlagynda Türkmenistanda 2010-njy ýylda 1 million 300 müň ton¬na barabar pagta ýygnalandygy barada aýdylýar. Şu ýylyň gurak gelmeginiň bugdaý hasylyna zyýan ýetirendigini nazara alsak, ýurtda pagtadan hem boldumly hasylyň alynjakdygyna ynam az.

Iýul aýynyň başyna gowaçalara köpçülikleýin görnüşde gowaça sowkasynyň düşmegi bilen alynjak hasylyň eýýäm 20 göterimine zyýan ýetendigini Oba hojalyk ministrliginiň hünärmenleri aýdýarlar. Käbir etraplarda gowaça sowkasynyň hasyla esli derejede zyýan ýetiren ýerleri hem bar.

Gowaça sowkasy toprak astynda gyşlap, bahar paslynda howanyň derejesi 17-20 gradusa ýetende daşyna çykýar. Onuň kebelegi 120 töweregi ösümlige zyýanyny ýetirýär, Bu zyýankeş gowaçanyň, esasan, gozasyna düşüp, onuň hasylyna zeper ýetirýär.

Näme üçin hasyl az?

Pagta iň bir kyn ýetişdirilýän tehniki ekin. Ony ekmäge hiç kişi hem yhlas bilen ýapyşanok. Daýhan birleşigi bilen şertnama baglaşyp, pagta ekmek üçin kärendesine ýer alýanlaryň köpüsiniň baş maksady öz bähbitlerini aramak. Kärendeçiler pagta meýdanlarynda gowaçanyň hatar aralarynda gök-önüm hem ekýärler. Netijede olaryň niýeti pagtadan däl-de, gök-önümden bol hasyl almak bolýar.

Her dürli ekinleriň ekilmegi, şol ekinleriň ýany bilen gelýän dürli-dürli zyýankeş möjejikler belli bir derejede pagtanyň boldumly kemala gelmegine ýaramaz täsirini ýetirýär.

Pagta hasylynyň az alynmagynda etraplarda ýerleşýän «Obahyzmat» önümçilik birleşikleriniň-de ýetirýän zyýany uludyr. Tehnikalara eýeçilik gözi bilen garalmazlygy, olaryň tizara hatardan çykmagyna ýol berilmegi, şeýle hem bu ulgamda tarapgöýlügiň, tanyşparazlygyň höküm sürmegi kärendeçi daýhanlaryň ekin ýerleriniň wagtly-wagtynda idedilmezligine sebäp bolýar.

Gowaça ekilip, tä hasyly ýygnalýança, azyndan bäş gezek hatarara bejergi işleri geçirilmeli. Emma «Obahyzmatyň» ýolbaşçylary tehnikalaryň ýetmezligini sebäp edip, ýönekeý kärendeçileriň ýerlerinde bary-ýogy birki gezejik hatarara bejergi işlerini geçirýärler.

Hatarara bejergi işlerini bir gezek geçirseler-de, ýyllyk hasaplaşykda «Obahyzmatyň» öz meýdanlarynda 5 gezek bejergi işlerini geçirendikleri baradaky hasabata gol çekdirilýändigini kärendeçi daýhanlar aýdýarlar.

Türkmenistanda ähli tehniki hyzmatlar amala aşyrylanda, gowaçadan ortaça bir gektardan 30-35 sentner hasyl alynýar. Emma «Obahyzmatyň» işiniň näsaz alnyp barylmagy sebäpli, hasyllylygyň bir gektardan 10-12 sentnerden geçmeýän ýerleri kän bolýar.

Öz ekin meýdanlarynda 7 gezek bejergi işlerini geçirmegiň ugruny tapýanlar bellenen hasyly almagyň hötdesinden gelýärler. Emma tehnikanyň hyzmatyndan wagtynda peýdalanyp bilmeýändikleri üçin, kärendeçileriň arasynda iýun aýynda pagta ekip ýörenlerem bar.

Türkmenistanda çaga zähmetinden peýdalanmak gadagançylygy girizilensoň, soňky 5 ýylyň dowamynda mekdep okuwçylary pagta ýygymyna köpçülikleýin sürülmeýärler. Pagtanyň ýygymyna tölegiň az bolmagy oba ilatyny bu zähmetden gaçyrýar. Şonuň üçin býujet edaralarynyň işgärleri tä möwsüm gutarýança pagta ýygymyna zorluk bilen sürülýärler.

Defoliasiýa arkaly pagtanyň ýapraklaryny düşürmek işleriniň göwnejaý alnyp barylmazlygy sebäpli kombaýnlaryň hyzmatyndan hem ýerlikli peýdalanyp bolmaýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG