Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalist Ýelena Suponina anyk hem-de howaýy Palestina barada


Palestinalylaryň ynandyrmalaryna görä, eýýäm 130-dan gowrak döwlet, şol sanda Orsýetem Palestinanyň döredilmegine ses bermäge taýýar.
Palestinalylaryň ynandyrmalaryna görä, eýýäm 130-dan gowrak döwlet, şol sanda Orsýetem Palestinanyň döredilmegine ses bermäge taýýar.
Synçylar Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň täzeden dartgynlaşmagyny bolaýmaly zat hasaplaýarlar. Şonuň bilen birlikde-de olar, hernäçe gynançly görünse-de, Palestina häkimiýetleri bilen Ysraýyl hökümetiniň arasynda gepleşikleriň gaýtadan dikeldilmegine garaşmaýarlar. Şu güýzde Palestinanyň häkimiýetleriniň Birleşen Milletler guramasyna girmek barada arza bermegi wajyp waka bolar.

«Московские новости» gazetiniň synçysy, arap Gündogary boýunça spesialist — Ýelena Suponina regiondaky wakalar barada:

—Dartgynlylygyň möwjemegine köpden bäri garaşylýardy. Arap dünýäsindäki rewolýusion wakalar palestin topragynda-da gozgalaň tolkunyny emele getirer diýlip garaşylýardy. Bu zatlaryň üstesine-de, häzir Müsürde häkimiýet başyna Ysraýyly halamaýan güýçler gelýär. Munuň geljekde dartgynlylygyň ozalkysyndanam beterleşmegine getirmegi mümkin.

—Palestina barada aýdylanda o taýda kim kimiň garşysyna baş göterýär?

Arap Gündogary boýunça spesialist Ýelena Suponina
—Ilkinji nobatda - palestinalylaryň ysraýyllylara bolan garaýşynda nägilelikler artýar. Çünki palestinalylar öz döwletliligini we garaşsyzlygyny alyp bilmediler. Men ýagdaýlar has-da dartgynlaşar öýdüp pikir edýärin, sebäbi palestinalylar öz garaşsyzlygyny BMG-niň Baş assambleýasynyň üsti arkaly almaga synanyşmakçy. Ysraýyl hökümetiniň muňa garşy çykjakdygy öz-özünden düşnükli. Şonuň ýaly-da palestinalylaryň diňe diplomatik ädimler bilen çäklenmejekleri-de belli. Palestina awtonomiýasynyň baştutany Mahmud Abbas palestinalylaryň BMG-ä girmek baradaky haýyşyny parahatçylykly ýörişler bilen goldamaga öz halkyny çagyrdy. Ýöne bärde Abbas biraz hilegärlik edýär. Adamlaryň ellerine harsaň-harsaň daş alýan mahaly parahatçylykly ýörişler barada nähili gürrüň bolup biler...

Palestin jemgyýetiniň içinde-de dawa-jenjelleriň bolaýmagyny-da aradan aýryp bolmaz. Palestinalylar diňe bir ysraýyllylary däl, eýsem palestin hökümetini-de günäkärleýärler. Ykdysady ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy zerarly bu aýyplamalar gün-günden möwjeýär. Adamlar hepdeläp zähmet haklaryny alyp bilmeýärler. Günä bildirmeler diňe bir hökümet başyndaky FATH hereketiniň üstünden dökülmeýär, eýsem, hernäçe geň görünse-de, HAMAS garşylyk görkeziji yslam radikal hereketiniň üstündenem guýulýar. Palestinalylar hereketleriň göreşlerinden ýadadylar. Ilat hereketleriň hiç biriniň-de öz maksatlaryna — Palestinanyň garaşsyzlygyna eýe bolmagyna ýetip bilmändigini aýdýar.

—Palestina awtonomiýasynda yslamçylardan we resmi liderlerden başga nähilidir bir üçünji güýç barmy? Ýa-da ol Broun - halk närazylygynyň başly-barat hereketimi?

—Munuň özi, megerem, halk hereketidir. Özem «arap baharynyň» ssenarisiniň görnüşi boýunça ösmegi mümkin. Köpden bäri tanalyp ýörlen haýsydyr bir resmi hereketiň bu tolkuny jylawlamaga çalyşjak bolmagy ähtimal.

—Palestina awtonomiýasynyň liderleri BMG-de nähili halkara goldawyna garaşyp bilerler? Palestina awtonomiýasynyň resmi wekilleriniň häzir Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna baryp, Palestinanyň garaşsyz ýurt hökmünde yglan edilmegine diplomatik goldaw bermekleri üçin, olaryň razylyklaryny almaga çalyşýandyklary mälimdir.

—Palestinanyň lideri Mahmud Abbas Palestinanyň BMG-de 194-nji döwlet bolmagy üçin hakyky diplomatik söweşiň gitjegini eýýäm mälim etdi. Bu babatda ony hemmeler — hatda oppozisiýa, radikal yslamçylar hem goldaýar. Häzir palestina awtonomiýasynyň ýolbaşçylary BMG-ä girýän käbir döwletleriň sesleriniň kepilligini almaga çalyşýarlar. Palestinalylaryň ynandyrmalaryna görä, eýýäm 130-dan gowrak döwlet, şol sanda Orsýetem Palestinanyň döredilmegine ses bermäge taýýar. Şonda-da, munuň özi, howaýy Palestina bolar. Onuň hakykat ýüzünde emele gelmegi üçin palestinalylara elbetde, ysraýyllylar bilen ylalaşmak gerek. Gynansak-da, ýakyn wagtlarda şeýle ylalaşyk mümkin bolmasa gerek.

Şonuň bilen birlikde BMG-niň çägindäki şunuň ýaly aktiwligiň näderejede hatarlydygyna düşünýän käbir Günbatar ýurtlary munuň ysraýyllylar bilen gatnaşyklardaky täze dartgynlylyga getirmeginiň mümkindigini aýdýarlar hem-de Mahmud Abbasy bu ädimden saklamaga çalyşýarlar. Sebäbi juda çylşyrymly ýagdaý keserip dur. Munuň ýeke-täk çözgüdi ysraýyllylar bilen palestinalylaryň arasyndaky parahatçylykly gepleşikleri täzeden dikeltmekden ybaratdyr. Ýöne bärde gep Benýamin Netanýahuwyň hökümeti şuňa barlyşyk edermikä, onsoňam, Mahmud Abbas ahyrky netijede öz planyndan el çekermikä? Mahmud Abbas gaty gitdi, indi BMG-ä ýüz tutmakdan islendik ýüz öwrülişik onuň abraýyna zeper ýetirer.

—Diplomatik goldawyň giň hatary, Palestinanyň BMG-ä kabul edilmek perspektiwasy, Palestina awtonomiýasynyň liderleriniň agzaýan sany - 130 döwlet... Bu maglumatlara näderejede ynanyp bolar?

—Ynanyp bolar diýip pikir edýän. Eýýäm örän köp ýurt palestinalylaryň döwletlilige hukugyny tassyklady. Orsýet palestinalylaryň garaşsyzlyk baradaky meýlini bir wagt goldady. Waşington we käbir Ýewropa döwletleri tarapyndan häzir görkezilýän garşylyklaryň barysy kimdir biriniň palestin döwletliligine garşy çykýandygy bilen bagly däldir. Howatyrlanma heniz munuň wagtynyň gelmänligi — ysraýyllylar bilen palestinalylaryň arasynda ylalaşygyň ýoklugy bilen baglanyşyklydyr. Tutuş arap Gündogarynyň joşup duran mahaly, köp ýurduň graždanlyk urşunyň gyrasyna gelen uçurlary, döwlet agdarylyşyklarynyň we rewolýusiýalaryň bolup duran pursady — şeýle ýagdaýda islendik seresapsyzlygyň, haýsydyr bir diplomatik söweşiň garaşylmadyk netijelere getirmegi mümkin.

Andreý Şaryý Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG