Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pikir soralyşyk: türkmenler Afrikadan juda daşda


Serdar Gulgeldiýew Türkmenistanda halky syýasy wakalardan üzňe saklamak syýasatynyň alnyp barylýandygyny aýdýar.
Serdar Gulgeldiýew Türkmenistanda halky syýasy wakalardan üzňe saklamak syýasatynyň alnyp barylýandygyny aýdýar.
Soňky günler Liwiýada bolup geçýän wakalar tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinden düşenok. Türkmenistanyň ilatynyň aglaba böleginiň Liwiýa bilen bagly wakalar barada esasan Orsýetiň mediasynda berilýän habarlardan informasiýalary alýanlygyndan çen tutsaň, onda türkmenleriň alternatiw ýa obýektiw maglumatlardan çetde galýandyklaryna göz ýetirmek bolýar. Iňlis dilindäki gepleşikleri efire berýän halkara habar beriş serişdeleri, şol sanda arap tolgunyşyklary barada yzygiderli habar berýän Kataryň “Al-Jazeera” telekanaly türkmenleriň arasynda uly meşhurlyga eýe däl. Sebäbi iňlis dili türkmenleriň arasynda meşhur däl, mekdeplerde iňlis diline üns berlenok.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde indi on ýyldan gowrak wagt bäri dünýäde bolup geçýän syýasy wakalar barada habarlardyr maglumatlar berilmeýär. Telewideniýede görkezilýän “Älem-jahan habarlarynda” esasan, dünýädäki tehnologiýa, sport habarlary beýan edilýär. Ýurduň metbugaty hem internet älemindäki geň-taň hadysalar, sport, ylmy ösüşler bilen bagly habarlary çap edýär.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, synçy Parahat Ilmyradowyň aýtmagyna görä, Sowet soýuzynyň dargamagy bilen, Türkmenistanda 20 ýylyň dowamynda ors medeniýetinden daşlaşylýar. Ýurduň welaýatlarynda rus diline asla düşünmeýän nesil kemala gelýär. Rus diline düşünmeýän ýaşlar paýtagt Aşgabadyň çetki raýonlarynda hem kän. Türkmenistanda rus dilinden başga beýleki dilleri öwrenmeklige bolan täsirlenmäniň pesdigini nazara alsaň, onda täze nesliň öz ene dillerinden başga dillerden kän bir baş çykarmaýandyklaryny aýdýan Parahat Ilmyradow, dünýäde bolup geçýän syýasy wakalardan türkmen ýaşlarynyň, hususan-da, welaýatdaky ýaşlaryň üzňe ýagdaýda galýandygyny belleýär.

Türkmenistanda çanak antennalary arkaly dünýäniň islendik telekanallaryna tomaşa etmäge mümkinçilik bar. Ýöne muňa garamazdan, ilatyň, hatda ýurduň intelligensiýasynyň hem syýasy wakalardan özlerini juda üzňe saklaýandyklaryny aşgabatly intelligensiýa wekili Serdar Gulgeldiýew aýdýar. Gulgeldiýewiň aýtmagyna görä, her näçe geň görünse-de, ýurduň mediasynyň wekilleriniň arasynda Liwiýanyň Aziýa däl-de, Afrika kontinentine degişlidiginden, ol ýerde ýarym ýyl wagt bäri syýasy tolgunmanyň bolýandygyndan düýbünden bihabarlar hem kän. Bu zatlaryň ählisiniň ýurtda halky syýasy wakalardan üzňe saklamak syýasatynyň alnyp barylýanlygynyň netijesidigini Serdar Gulgeldiýew aýdýar.

Aşgabatly intelligensiýa wekili Çoluk Möwlamow türkmenistanlylaryň dünýäde bolup geçýän ähli syýasy tolgunmalardan elmydama daşda bolýandyklary baradaky pikir bilen ylalaşmaýandygyny aýdýar. Geçen ýylda Gyrgyzystanda bolup geçen wakalar hakynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dymandygyna garamazdan, tutuş türkmen halkynyň ot-elege düşendigini Möwlamow ýatlaýar. Onuň aýtmagyna görä, Gyrgyzystana müňlerçe türkmen ýaşlarynyň bilim almak üçin okuwa gitmekleri ol ýaşlaryň hossarlarynyň, dogan-garyndaşlarydyr tanyş-bilişleriniň, hatda türkmen hökümetiniň uly alada galmagyna sebäp bolupdy. Liwiýadaky wakalardan türkmenleriň üzňe bolmagynyň esasy sebäbini Möwlamow ol ýurt bilen türkmenleriň hiç bir babatda baglanyşygynyň ýoklugy bilen düşündirmek isleýär.

Liwiýadaky wakalar babatda progressiw türkmen ýaşlarynyň hem passiwdigini türkmenistanly synçy Alyjan Döwletow belleýär. Türkmen ýaşlarynyň arasynda Liwiýa wakalary, adam hukuklary, repressiw režimler bilen bagly suwytly diskussiýalaryň bolmaýandygyny belleýän Döwletow türkmen ýaşlary üçin Kaddafiniň režiminiň synmagy bilen bagly wakalar däl-de, “Rubin” bilen “Lion” futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyklaryň has tolgundyryjy bolýandygyny belleýär.

Türkmenistanly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew bolsa raýatlaryň erkin pikirini çäklendirmek belli bir döwürde netije berse-de, uzak möhletleýin netije bermeýändigini arap rewolýusiýalary aňryýany bilen subut etdi diýýär. Halky, tutuş bir ýurduň raýatlaryny hemişelik erksiz saklamak mümkin däl diýip, Ýazgulyýew nygtaýar.

Ýerli habarçyny we bloggerleriň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG