Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiniň "awuna" çykyldy


Liwiýanyň gozgalaňçy söweşijileri Tripoliniň Abu Slim raýonynda, 25-nji awgust.
Liwiýanyň gozgalaňçy söweşijileri Tripoliniň Abu Slim raýonynda, 25-nji awgust.
Liwiýada oppozision söweşijiler toplanyşyp, Tripolä gelýärler. Gozgalaňçylaryň maksady Muammar Kaddafiniň galan güýçlerini ýeňip, gabawa düşen hökümdary öli ýa diri ele salmak.

Ýaňy hepdäniň soňunda hüjüme başlap, 23-nji awgustda Kaddafiniň Bab al-Aziziýa köşgüne dökülen egindeşlerine kömek üçin gelýän goşuna misurataly tejribeli gozgalaňçy esgerler ýolbaşçylyk edýärler.

Tripoliniň uly bölegi gozgalaňçylaryň kontrollygynda bolsa-da, käbir ýerlerde, aýratyn-da Bab al-Aziziýaniň töwereginde bukudan barýan atyşyklar, partlaýan bombalar ýa atylan toplar howply ýagdaý döredýär. Bu ýerlerde Kaddafiniň tarapdarlary soňky goranyş üçin güýç birikdirip bukuda ýatyrlar.

Kaddafä wepaly adamlar tarapyndan “Riksos” myhmanhanasynda saklanýan topar öten agşam azat edildi. Bularyň aglaba köplügi çet ýurtly žurnalistlerdi. Ýöne paýtagtyň golaýynda Kaddafiniň tarapdarlary dört sany iltaliýaly žurnalisti ogurladylar, soňra olar azat edildi. Iki fransiýaly žurnalist hem gülle degip ýaralandy.

Oppozision güýçler 6 aý mundan ozal başlanan gozgalaňyň gutarnykly ýeňiş bilen tamamlanandygyny yglan etmezden öň, Kaddafini tapmak isleýärler.

Ozal howa hüjümleri bilen gozgalaňçylary goldan NATO Tripolide olara göni goldaw bermeýändigini aýdýar. Ýöne Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi Kaddafiniň güýçleriniň parahat ilata salýan howpy kesilýänçä, NATO-nyň missiýasynyň dowam etjekdigini bildirdi.

“Harby operasiýalar haçan-da olar gerek bolmadyk halatynda tamamlanar. Kaddafi bilen onuň kömekçileri liwiýa halkyna howp bolup durmasa, bu iş zerur däl. Biz harby operasiýalary Birleşen Milletler Guramasynyň rezolýusiýasy esasynda dowam etdireris. Bu parahat ilaty Kaddafiniň güýçlerinden goramak üçin” diýip, Sarkozi aýtdy.

Liwiýaly gozgalaňçylar öňegidişlikleri gutlaýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:19 0:00


Kaddafi bilen onuň ogly Saif al-Islam Halkara Jenaýat sudy tarapyndan adamzadyň garşysyna jenaýat edenlikde aýyplansa-da, gozgalaňçylaryň ýolbaşçylary ony Liwiýada suda çekjekdiklerini aýdýarlar. Milli geçiş geňeşi Kaddafini öli ýa diri ele salan adama 1,7 million dollar pul sylagynyň beriljekdigini bildirdi.

Geňeşiň başlygy Mustada Abdel Jelil Kaddafiniň ýakyn töweregine degişli adamlar hem ony öldürseler ýa tutsalar, günäleriniň geçiljekdigini aýtdy: “Bengazili söwdagärler Kaddafini tutan adama 2 million dinar (liwiýa dinary) pul sylagyny bellediler. Beýleki tarapdan hem Milli geçiş geňeşi Kaddafiniň ýakyn töwereginden biri ony öldürse ýa tutsa, onuň günäsiniň halk tarapyndan geçiljekdigini yglan edýär”.

Waşingtonda Döwlet departmentiniň sözçüsi Wiktoria Nuland Kaddafiniň köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň howpsuzdygyny aýtdy: “Konflikt başlaly bäri biz bilinýän raketa we himiki ýaraglaryň saklanýan ýerlerine gözegçilik edip gelýäris. Bu işi mundan beýläk-de ederis. Biz bilinýän raketa we himiki ýaraglaryň saklanýan ýerleriniň howpsuzdygyna ynanýarys. Milli tehniki serişdelerimiziň görkezmegine görä, bu ýerlerde aladalanarlyk gymyldy ýok”.

Nuland Tripolide barýan söweşler soňlanan badyna Milli geçiş geňeşiniň hökümet strukturalaryny ornatjakdygyna Waşingtonyň ynanýandygyny bildirdi. Ýöne Bengazide ýerleşýän Geňeş söweşler dowam edýärkä, öz baş karargähini geljek hepdeden bärde paýtagta geçirmejekdigini aýdýar.

Liwiýanyň doňdurylan milliardlarça dollara barabar baýlyklarynyň gozgalaňçylara açylmagy babatda häzir Birleşen Milletler Guramasy bilen Katarda diplomatik gepleşikler barýar.

Kaddafiniň ýanbermez iki afrikaly ýarany Çad bilen Burkina Fasonyň Milli geçiş geňeşini liwiýa halkynyň ýeke-täk wekili diýip ykrar etmegi hem gozgalaňçylaryň gazanan möhüm diplomatik ýeňşidir.
XS
SM
MD
LG