Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwistiniň gyzynyň jesedi tapyldy


Proteste çykanlaryň arasynda Türkmenistandan göçüp baran gazaklaryň hem bardygy aýdylýar.
Proteste çykanlaryň arasynda Türkmenistandan göçüp baran gazaklaryň hem bardygy aýdylýar.

Gazagystanyň Mangystau welaýatynda ýerleşýän Žanaözen şäherinde protest geçirýän nebitçileriň liderleriniň biri Kudaýbergen Karabalowyň 18 ýaşly gyzynyň jesedi tapyldy. Muňa garamazdan, nebitçiler protestlerini dowam etdirjekdigini aýdýarlar. Olary goldaýan döredijilik işgärleriniň sany hem artýar.


Gazagystanyň ady belli režissýory, oppozisiýanyň liderleriniň biri Bolat Atabaýewiň Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda üç gün mundan ozal ýitirim bolan 18 ýaşly Žansaule Karabalowanyň jesediniň Žanaözen şäheriniň eteginden tapylandygyny aýtdy. Žansauleniň jesedi boýunça onuň kelleçanagynyň hem äňiniň döwlendigi anyklanypdyr.

Penşenbe güni Žanaözende ýaş gyz ýere depin edildi. Ýas dabarasyna ýüzlerçe adamyň gatnaşandygy habar berilýär.

“UzenMunaýGaz” kompaniýasynda işlän aktiwist Roza Toletaýewa ýaş gyzyň ölümini kakasynyň protestlere aktiw gatnaşmagy bilen baglanyşdyrýar: “Onuň kakasy adalatyň gözlegine çykan adam. Bu wakadan soň biz çagalarymyzy mekdebe ibermäge gorkýarys. Mysal üçin, men çagalarymy gizlin saklaýaryn. Olary görmänime üç aý boldy. Egindeşimiz Awdaliýewanyň jübi telefonyna jaň edip, gyzyňdan habardar bol diýip, haýbat atanlarynda, men onuň ýanyndadym”.

Gazagystanyň Içeri işler ministrliginiň Mangystau welaýat bölüminiň metbugat bölüminde Žansaule Karabalowanyň ölümi bilen bagly jenaýat işiniň gozgalandygyny, häzir derňew geçirilýändigini aýtdylar.

Häkimiýetler dymýar

Protestleriň uzak wagtlap dowam edýändigine garamazdan, gazak häkimiýetleri nebitçileriň ýagadaýyna üns bermän gelýärler. Häzir aktiwistleriň köpüsi sosial aragatnaşyk saýty “Twitter” arkaly bu saýtdan aktiw peýdalanýan Gazagystanyň premýer-ministri Karim Masimowa öz kynçylyklaryny ýetirmäge synanyşýarlar. Emma, olaryň aýtmaklaryna görä, Masimow olaryň sowallaryna jogap bermeýär.

Aktiwist Roza Toletaýewa 17-nji awgustda premýer Masimowa “proteste çykan nebitçileri däl-de, emelsiz çinownikleri işden kowuň. Gepleşiklere başlamagy talap edýäris” diýip ýazandygyny, emma bu hatyna jogap almandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

24-nji awgustda Aktau şäheriniň sudy proteste gatnaşandygy üçin işden kowlan 28 nebitçiniň gaýtadan öz işinde dikeldilmegi baradaky meselä garap, ony ret etdi. Bu barada Mangystau welaýat sudunyň metbugat gullugy maglumat ýaýratdy.

Suda beren arzalarynda “TulparMunaýSerwis”, “ArgymakTransSerwis”, “KaražanbasMunaýGas” kompaniýalarynyň işgärleri özleriniň işleriniň zähmet arbirtražynda garalmandygyna garamazdan, işden kowlandyklaryny aýdyp, sikaýat edipdiler.

Döredijilik işgärleri protestçileri goldaýarlar

Ýurtda proteste çykan nebitçiler barada gaty çäkli maglumatyň berilýändigine garamazdan, öz iş şertleriniň gowulanmagyny hem aýlyk haklarynyň ýokarlanmagyny talap edýän nebitçileri goldap çykyş edýän döredijilik işgärleriniň sany artýar.

Rep aýdymlaryny aýdýan we özüni Takežan diýip atlandyrýan aýdymçy 26-njy awgustda konsert bilen çykyş edip, şol konsertde toplanan serişdeleri protestçi nebitçileriň haýryna geçirjekdigini mälim etdi. Söhbetdeşlikde ol ýurtda nebitçileriň kynçylygy, dürli sosial problemalary barada ýerli metbugatyň dymýandygyny, kynçylyklary ýaşyryp, olardan dynyp bolmajakdygyny belläp, aýdymçy: “Gonarary nebitçileri goldawyna döredilen fonda geçirip, men bu problema köpçüligiň ünsüni çekmek isleýarin” diýip nygtady.

Takežan dünýä meşhur aýdymçy Stingiň proteste çykan nebitçileri goldamagynyň özüni höweslendirendigini aýtdy. 3-nji iýulda britaniýaly meşhur aýdymçy Sting Gazagystandaky nebitçileriň hukuklarynyň basgylanmagyna protest bildirip, özüniň Astanada planlaşdyran konsertini ýatyrypdy.

Aýdymçy Sting gazagystanly nebitçileriň ýagdaýy barada halkara “Amnesty International” guramasynyň beren maglumatyndan soň, şeýle karara gelendigini mälim edipdi.

Sting 6-njy iýulda paýtagt Astananyň döredilen hem prezident Nazarbaýewiň doglan gününe bagyşlanan dabarada konsert bilen çykyş etmelidi. Ol 2009-njy ýylda Özbegistanda konsert bilen çykyş edendigi üçin adam hukuklaryny goraýjy toparlar tarapyndan tankyt edilipdi.

Şu ýylyň maý aýynda Gazagystanyň “UzenMunaýGaz” kompaniýasynyň işgärleri öz aýlyk haklarynyň kemeldilmegine garşy protest bildirip, demonstrasiýalara başladylar. Protestler häzir hem dowam edýär. Proteste çykanlaryň arasynda Türkmenistandan göçüp baran gazaklaryň hem bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG