Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: tupanyň güýji ep-esli derejede peseldi


Ýekşenbe güni «Irena» diýlip at berlen güýçli çabgaly tupan Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäheriniň töwereklerine ýetdi.

Şenbe güni giçlik Nýu-Ýorkuň meri Maýkl Blumberg şäheri terk edip ýetişmedik ýaşaýjylary öz öýlerinden çykman oturmaklyga çagyryp, çykyş etdi. Şeýle hem, ol birneme öňinçä deňze golaý raýonlarda ýaşaýan 370 müň töweregi ýaşaýjynyň ol ýerden ewakuasiýa edilmegine görkezme beripdi.

Şenbe güni bu güýçli tupan birneme günortada ýerleşýän Demirgazyk Karolina we Wirjiniýa ştatlarynda uly ýykan-ýumrançylyklary döretdi.

Edil häzirki wagta çenli bu tupanyň netijesinde azyndan 9 adamyň ölendigi barada maglumat alyndy. Ýekşenbe güni bu tupanyň güýjüniň anna günündäkiden ep-esli peselendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG