Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen studentlerine Täjigistana gitmäge päsgelçilik döredilýär


Duşenbäniň aeroporty
Duşenbäniň aeroporty
1-nji sentýabrda Türkmenistanda Bilimler hem talyp ýaşlar güni bellenip geçilýär. Bu gün mynasybetli ulanylmaga beriljek mekdeplerde, çagalar baglarynda alnyp barylýan işler barada wise-premýer G.Mezilowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy awgustda bolan mejlisinde beren hasabaty “Türkmen döwlet habarlar” gullugynyň şol günki ýaýradan maglumatynda aýdylýar.

Habar berlişine görä, bu mejlisde ýurduň baştutany G.Berdimuhamedow öz çykyşynda ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň we syýahatçylyk ulgamlarynyň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedigini, pudaklaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna täsirini ýetirjekdigini belläp geçipdir.

Täze okuw ýylynyň bosagasynda ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan bilime degişli bar aýdylan zatlar şular.

Hakykata seretseň, wise-premýer G.Mezilow ýurduň ýolbaşçysynyň öňünde bilime ýetip bilmeýän ýaşlaryň ykbaly hakda-da aýdan bolsady, bu mejlisdäki gepler halka birneme ýakynlardy. Orta mekdepleri tamamlaýan müňläp-müňläp ýaşlaryň ýokary bilim almaga mümkinçiliginiň ýokdugyny, munuň ilkinji sebäpleriniň biriniň hem ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmelileriň örän ujypsyzlygyny hem ýolbaşçylar ara alyp maslahatlaşmaly. Okamak isleýänlere nädip bilim bermeli, bu meseläni nähili çözmelidigi hakdaky pikirler hem täze okuw ýylynyň bosagasynda ara alnyp maslahatlaşylmaly meseledir.

Obalardan, etraplardan orta mekdepleri tamamlan ýaş ýigitlerdir gyzlaryň müňlerçesi “Okuwa” diýip gidip, soňra boýunlaryny sallaşyp, lapykeç halda okuwa girip bilmän, yzlaryna dolanýarlar.

Öň Gyrgyzystan, indi Täjigistan

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine gurby ýetmeýän, pukara maşgalalardan bolan ýaşlaryň öz pullarynyň hasabyna, ýagdaýlarynyň ýetjek daşary ýurtlaryna gidip okaýandyklary hakda her ýyl gürrüň edilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi “Berekella, ýurdumyza azar bermän, özüňiz bilim almaga ýagdaý tapýarsyňyz” diýip, olara hoş söz aýtmadan geçen, gaýtam mydama “Ol ýere gitmek bolanok, bu ýere gitmek bolanok” diýip, daşary ýurtlarda bilim almaga gidýän ýaşlaryň öňüne böwet basyp gelýär. Öň Gyrgyzystan iş boldy. Bu ýyl bolsa, nämüçindir, Täjigistan respublikasynda okaýan ýaşlar Täjigistana goýberilmeýär. “Eýýäm ol ýerde üç ýyl, dört ýyl okan oglan-gyzlar bar” diýip, ene-atalar nalaýarlar. Ýaşlaryň näme üçin Täjigistana goýberilmeýänliginiň sebäbi hem düşündirilmeýär.

Bir zat hem geň bolup durýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy awgustda geçen mejlisinde näme üçindir ýurt ýolbaşçysy öz çykyşynda ala-böle Täjigistan hakda agzap geçipdir. “Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-täjik gatnaşyklary barada durup geçip, döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini kanagatlanmak bilen belledi” diýlip, “Türkmen döwlet habarlar” gullugynyň 26-njy awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi hakdaky maglumatlarynda habar berilýär.

Halka hakykat aýdylmaýar. Hakykat dünýeden bukulýar. Şeýle ýagdaýda gümürtik wakalar ýüze çykýar. Täjigistanda çagalary okaýan ene-atalar gözleri ýaşly elewreýärler. Näme ýagdaý ýüze çykan bolsa, halka düşündirip, okap ýören ýaşlary (aýratyn-da eýýäm üç-dört ýyl okanlary) başga ýurtlaryň okuw jaýlaryna näme üçin ugrukdyryp bolmaýar?

Türkmenistanda “Gadagan” diýlen sözi aýtmaga endik etdiler. Şol sözüň aňyrsynda näçe maşgalalaryň betbagtçylygynyň ýatanyna türkmen ýolbaşçylary düşünmeýärlermi? Olary halkyň ykbaly gyzyklandyrmaýarmyka?

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG