Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda talyplar 30 ýetginjegi ýesir aldylar


Owganystanyň Kunar welaýatynda talyplar ýalňyşlyk bilen owgan territoriýasyna geçen 30 töweregi pakistanly ýetginjegi ele saldylar diýip, anna güni Pakistanyň Bajaur etrap häkimligi habar berdi.

Olaryň maglumatyna görä, ele düşen oglanlar 12 bilen 18 ýaş aralygynda bolup, olar goňşy etraba dini baýramçylyga barýan eken.

Pakistanyň içeri işler ministri Rahman Malik ýetginjekleri azat etmek barada owgan hökümeti bilen gepleşik geçirýändigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG