Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mustafa Akýol - üçünji ýoluň öňbaşçysy


Mustafa Akýol
Mustafa Akýol
Gündogar bilen, has dogrusy Ýakyn Gündogar bilen, üýtgewsiz ylalaşyk tapmak barada aladalanýan köp günbatarlylar üçin Mustafa Akýol “yslamyň ýerlikli keşbidir”.

Ol hem yslama ynanýar, hem günbatar usulyndaky demokratiýa. Onuň araçylykly, täzeleýji garaýyşlary “Ekstremizimsiz yslam” atly kitabynda özüniň doly beýanyny tapýar.

Kitabyň esasy temalarynyň biriniň yslama Günbatarda köp adamlaryň ýalňyş düşünýänligi baradadygy geň zat däl. Akýol bu hakda: “Dini erkinlik baradaky döwrebap düşünje bilen Gurhanyň arasynda gapma-garşylyk bolmazlygy mümkin. Gurhanda yslamy ret etmegiň adamyň erk-isleine baglydygyny çaklamaga esas döreýän aýatlar bar” diýip ýazýar.

— Din jemgyýet ýa döwlet tarapyndan däl-de, seniň öz wyždanyň berýän buýruklaryndan gelýän zat bolmaly. Men bu kitabym üçin barlag işlerini geçirenimde yslamyň däp-dessurlaryna şu ynam bilen seretdim. Şonda adamlara namaz okamagy borç etmegiň, dindarlygy borç etmegiň ýa dinden dänmegi gadagan etmegiň, belli günäleri gadagan etmegiň yslamyň asmandan inen çeşmesi Gurhandan däl-de, Gurhana dürli manylaryň berilmeginden gelip çykýandygyna ýa-da Orta asyrlarda ýaşan musulmanlaryň şol döwürlerde bolan düşünjelerine görä döredilendigine göz ýetirdim. Meniň pikirimçe, indi bu zatlary sorag astyna almaga wagt boldy. Sebäbi biz bir erkin dünýäde ýaşaýarys. Yslamy awtoritar, zalym din edip suratlandyrmak bu din baradaky adalatsyzlykdyr — diýip, Akýol nygtaýar.

Akýol özüniň dini erkinlik baradaky garaýyşlarynyň bir çuň çeşmeden, içki ynançdan, çagalyk tejribelerinden gözbaş alýandygyny belleýär:

— Meniň bir atam bardy. Ol gaty takwa adamdy. Men kiçijik oglankam, ol din barada maňa köp zatlary öwretdi. Ol maňa nädip namaz okamalydygyny, nädip Gurhany labyzly okamalydygyny düşündirdi. Bir gün onuň kitaphanasynda bir kitabyň üstünden bardym. Ol kitapda ‘seniň çagalaryň 10 ýaşdaka namaz okamasa, olary ur-ýenç’ diýilýärdi. Bu meni gaty gorkuzdy. Atamyň beýle işleri etmejegini bilýärdim. Ýöne bu dini kitabyň bu buýrugy meni ynjalykdan gaçyrdy. Şondan beýläk mende ‘sen ediljek basyşdan gorkup namaz okasaň, onda namazyň näme peýdasy bar? Seni metjide iberýän din polisiýasy bolsa, onda metjide gatnamagyň näme ähmiýet bar?’ diýen soraglar döredi.

Akýol Stambulda iňlis dilinde neşir edilýän “Hurriýet Daily News” gazetiniň redaktorynyň orunbasary. Onuň öz garaýyşlary sebäpli türk döwleti tarapyndan tankytlanýandygy makalalaryndan görnüp dur. Munuň sebäbi-de türk döwletiniň Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan ülňüsi çyzylan syýasy nusga bagly bolup galmaga jan edýänliginden.

Akýol dünýewiligiň Türkiýede ýoýlup, ýalňyş ulanylandygyna ynanýar:

— Türkiýe dünýewilikden-de has artyk dünýewiçil boldy. Bu hem yslam äleminde dünýewi döwlet düşünjesine ýaman at getirdi. Türkiýäniň özüne biçip-tiken dünýewiligi Birleşen Ştatlardan gelenok. Ol 3-nji Fransuz Respublikasyndan gelýär. Bu respublikanyň hem üns merkezinde duran zat dini erkinlige çykarmak däl-de, dinden erkinlige çykmakdy. Bu Türkiýede, mysal üçin, bürenjegiň jemgyýetçilik ýerlerinde gadagan edilmegi ýaly netijelere getirdi. Bu iş musulmanlary ýa berk dünýewileri we olaryň sistemasyny ýa-da olara garşy çykyp, awtoritar yslam döwletini gurmagy wada edýän yslamçylary saýlap tutmaga mejbur etdi. Ýöne, meniň pikirimçe, 3-nji ýol hem bar. Bu liberal demokratiýa we dini hormatlaýan dünýewi döwlet. Meniň garaýşymça, Türkiýe şu wagt şoňa tarap barýar.

Akýoluň soňky belliklerinde Rejep Taýýip Erdoganyň “Adalat we Galkynyş” partiýasyna gönükdirilýän öwgi ýok däl. “Adalat we Galkynyş” partiýasy türk syýasy sistemasyny doly graždan akymyna salmakda öňki hökümetlerden öňe saýlandy.

Ýöne bu ýurduň liberal demokrtiýa tarap barýanlygyny aňladýar diýilmegi gaty jedelli. Akýoluň pikirleri köp adamlar üçin ynandyryjylykly däl. Şolaryň birem Stambulyň Kültür Uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy, öňki diplomat Murat Bilhan. Ol şahsy we dini erkinligiň arasyndaky gapma garşylygyň çözülýändigi barada Akýoluň aýdýanlary bilen ylalaşmaýar. Bilhan Erdoganyň yslamy syýasy ýarag hökmünde ulanýandygyny öňe sürýär.

“Türkiýede şahsy erkinlik diýlen zada bütinleý ýalňyş düşünilýär. Yslamyň gymmatlyklar sistemasy bu düşünjäni batgalyga iterýär” diýip, Bilhan aýdýar. “Türkiýede yslamy zor bilen kabul etdirmäge hiç kimiň haky ýok. Emma, dogrymy aýtsam, olar muny edýärler”.

“Yslam gymmatlyklary dünýewi däl” diýip, Bilhan sözüni dowam etdirýär. “Her kimiň ybadat etmäge, haýsydyr bir dine we ynanja eýermäge haky bolmaly. Emma olar şahsy gymmatlyklara garşy başga bir sosial gymmatlyklary öňe sürjek bolmaly däl. Eger sen özüňe musulman diýýän bolsaň, ol sen bilen hudaýyň arasyndaky gatnaşyk bolmaly”.

Soňky sözler bilen Akýol hem ylalaşman duranok. Bu aýdylýanlaryň şikaýat hökmünde ýaňlanmagy, belki-de, onuň düşünjeleriniň öz topragyndaky uniwersal garaýyşlardan näderejede daşdadygyny görkezýär.
XS
SM
MD
LG