Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HWG-niň öňki baştutany Fransiýa gaýdyp geldi


Halkara walýuta gaznasynyň öňki baştutany Dominik Straus-Kan ýekşenbe güni Pariže geldi. Şu ýylyň maý aýynda Nýu-Ýorkda myhmanhana hyzmatçysyny zorlamakda günä bildirilip, tussag edilenden soň, ol ýurduna ilkinji gezek gelýär.

Straus-Kan tussag edilenden soň HWG-niň başlygy wezipesinden çekildi we birnäçe gün türmede, ondan soň öý tussaglygynda oturdy.

Şikaýatçynyň ynamdan gaçany üçin awgustyň ahyrynda prokuratura onuň garşysyna gozgalan işi ýapdy. Şondan soň oňa Birleşen Ştatlary terk etmäge rugsat berildi.

Fransiýada fransuz žurnalisti Tristan Banon hem Straus-Kany jynsy zorlukda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG