Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiçiler bilen gepleşikler şowsuz tamamlandy


Ýekşenbe güni agşam Liwiýanyň oppozision geçiş hökümetiniň resmileri ýurduň ozalky lideri Muammar Kaddafä tarapdar güýçler bilen gepleşikleriň şowsuz tamamlanandygyny mälim etdiler.

Milli geçiş geňeşiniň resmileriniň maglumatyna görä, Kaddafä tarapdar güýçleriň iň soňky daýanç nokatlaryndan biri bolan Bani Walid şäherinde taýpa liderleri bilen geçirilen gepleşikler netijesiz tamamlanypdyr.

Liwiýanyň oppozision söweşijileri Muammar Kaddafiniň tarapdarlaryny meýletinlik bilen ýaraglaryny taşlamaklyga çagyrypdylar.

Bu ugurdaky gepleşikleriň şowsuz tamamlanmagy bilen, indi oppozision söweşijileriň bu Bani Walid şäherine haçan hüjüm edip başlajakdyklary barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG