Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näme üçin baptistler Awazada dynç alyp bilmediler?


Awaza syýahat zonasy
Awaza syýahat zonasy

Türkmenistanyň Awaza syýahat zonasynda baptist dinçileriň saklananlygy habar berildi. Dini meseleler boýunça iş alyp barýan “Forum-18” habar agentliginiň maglumatyna görä, iýul aýynyň aýagynda dynç almak üçin Awaza baran Daşoguz şäheriniň baptist buthanasynyň 40 agzasy bu ýeri terk etmäge mejbur bolupdyrlar. Azatlyk Radiosyndan Gözel Hudaýberdiýewa bu waka bilen gyzyklanyp, “Forum-18” agentliginiň redaktory Feliks Korli bilen söhbetdeş boldy.


Azatlyk Radiosy: Jenap Korli, Forum-18 agentligi Awazada ençeme baptist dinçisiniň saklananlygyny habar berdi. Bu waka haçan we nähili ýagdaýda bolup geçdi?

Feliks Korli: Daşoguzly dinçi toparyň, ýagny baptist buthanasynyň 40-a golaý agzasy, şol sanda çagalar, Hazar deňziniň kenarynda dynç almakçy bolup, iýul aýynyň aýagynda Awaza barypdylar. Olar baran günleri nahar başyna üýşenlerinde, 8 sany polisiýa işgäriniň we bir ymamyň, baryp, olary kemsidip başlanlygy we olaryň dynç alşyny bes edip, Awazadan çykmagyny talap edenligi bize mälim boldy. Baptistlere olaryň Awazada hasaba durmaga borçludyklary hem aýdylypdy. Üç günläp dowam eden soragdan soň, baptistler mejbury ýagdaýda öýlerine dolanmak kararyna gelipdiler.

Azatlyk Raidosy: Baptist dinçiler Awazada diňe dynç almakçy bolupmydylar ýa olar öz dinini wagyz etmäge-de synanyşypmydylar?

Feliks Korli: Meniň bilşimçe, Daşoguzyň baptist buthanasynyň agzalary “Awazada” dynç almakçy bolupdylar. Emma olaryň Awazada bolmagy ýerli resmileriň göwnünden turmady. Awazadaky polisiýa wekilleriniň baptistlere aýtmaklaryna görä, olaryň Awaza barýanlygy göni Daşoguzdan dini toparlaryň hereketlerine gözegçilik edýänler tarapyndan habar berlipdir.

Azatlyk Raidosy: Bu waka size nädip mälim boldy?

Feliks Korli: “Forum-18” agentligine bu waka barada Türkmenistandaky protestant dinçiler habar berdiler. Biz, adatdakysy ýaly, bu waka bilen bagly detallary anyklamak üçin türkmen resmilerine ýüz tutmaga synanyşdyk. Emma biziň bu waka gatnaşan Türkmenbaşy şäheriniň ymamy Çary-hajy Mommalyýewe we ýerli polisiýa bölümi bilen gepleşmek synanyşyklarymyz başa barmady. Biz şeýle-de türkmen parlamentiniň ynsan hukuklary boýunça komitetiniň ýolbaşçylaryna çykmaga-da synanyşdyk. Komitetiň başlygy Pirnazar Hudaýnazarow “Forum-18” agentligine kommentariý bermekden düýpgöter boýun gaçyrdy. Onuň orunbasary Myrat Ataýew bolsa Awazadaky wakanyň parlament agzalarynyň ygtyýarlygyna degişli bolmadyk meseledigini aýtdy we Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky dini meseleler boýunça geňeşine ýüzlenmegi maslahat berdi. Emma bu geňeşiň başlygy Gurbanberdi Nursähedow “Forum-18” agentligi özüni tanadan badyna trubkany taşlady.

Azatlyk Raidosy: Türkmenstnyň prezidentiniň ýanyndaky dini meseleler boýunça geňeşiň başlygy Azatlyk Radiosyna-da jogap bermän, trubkany taşlamak bilen oňdy. Türkmenistanyň döwlet edaralarynda, islendik meselelere gezek gelende, adatça, kommentariý bermekden boýun gaçyrýarlar. Muňa näme sebäp bolýar, diýip, pikir edýärsiňiz?

Feliks Korli: Bu türkmen häkimiýetleriniň ýurtda bolup geçýän islendik hereketleri öz gözegçiliginde saklamak isleýändiklerini ýene bir gezek görkezýär. Jemgyýetde ähli zat hökümetiň guramaçylygynda we gözegçiliginde galýar. Hökumet dine-de berk gözegçiligini dowam etdirýär. Bu musulmanlara-da degişli. Hökümet haja gidýänleriň sanawlaryny we sanyny-da hut özi kesgitlap gelýär. Beýleki dini guramalaryň hasaba alynmagyna we hereket etmegine berk çäklendirmeler dowam etdirilýär. Şeýle ýagdaýda döwlet edaralarynyň resmileri eden-etdilikler paş edilip, ýurduň abraýyna erbet täsir ýetirmeginden howatyrlanyp, islendik problema barada dil ýarmakdan saklanmaly bolýarlar.

Azatlyk Raidosy: Şu günki gün Türkmenistanda adam hukuklarynyň, şol sanda dini azatlyklaryň berjaý edilmegi ugrunda ýagdaýyň özgermegine nähili şertler bar diýip, pikir edýärsiňiz?

Feliks Korli: Dini toparlaryň agzalary üçin şertleriň özgerip başlamagyna köpden bäri umyt edilýär. Emma iş ýüzünde türkmen hokümetiniň gözegçiligi güýçlüligine galýar we bu ugurdan ýagdaýyň gowulanýanlygyny tassyklaýan ädimler göze ilmeýär. Dini toparlaryň agzalarynyň hereket etmäge, dini kitaplary okamaga mümkinçilikleri çäkliligine galýar. Olaryň ýurtdan çykmagyna päsgel berilýär. Dini ynançlary sebäpli tussag edilenler tussaglykda galýar. Bize mälim bolşuna görä, häzir tussaglykda saklanýan şeýle sekiz adamdan hiç birisi soňky günägeçişlikde boşadylmady.
XS
SM
MD
LG