Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň ýörite wekili: “Uruş konfliktleri çözmez”


ÝHHG-niň Gürjüstandaky missiýasynyň harby işgäri Orsýetiň esgerleriniň çekilişini synlaýar, 2008-nji ýylyň 8-nji oktýabry.
ÝHHG-niň Gürjüstandaky missiýasynyň harby işgäri Orsýetiň esgerleriniň çekilişini synlaýar, 2008-nji ýylyň 8-nji oktýabry.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýolbaşçylygynyň gijigen konfliktler boýunça ýörite wekili, litwaly diplomat Giedrius Çekuolis bilen onuň mandatyna girýän Moldowanyň Transdnestr regiony, Azerbaýjanyň Daglyk-Garabag regiony, Gürjüstanyň Günorta Osetiýa hem Abhazystan regiony baradaky dawalar hakda söhbetdeşlik. Söhbetdeşiligi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy tarapyndan alyp baran Robert Koalson.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Gijigen konfliktler turaly aradan indi 30 ýyl geçip barýar. Siz wagtyň geçmegi bilen bölünişige tarap bir ýol açylar diýip pikir edýärmisiňiz? Bölünişik näçe uzaga çekse, oňa bölünişikden başga çözgüt tapmak ähtimaly şonça az ýaly görünýär.

Giedrius Çekuolis
Giedrius Çekuolis: Men belli bir derejede duýulýandygy barada siziň pikirleriňize goşulýaryn. Gumanitar-maliýe we syýasy taýdan hem ýitgiler, elbetde, bar. Menden ozal bu orunda bolanlar maňa umyt hemişe bardyr diýip, öwüt-ündew etdiler. Ýöne ýagdaýa näçe umytly garasaň-da, köp zatlaryň örän çylşyrymlydygyny soňra görýärsiň. Şol säbäpden men gepleşik arkaly gelnen çözgüt barada öňünden pikir ýöretmek islemeýärin. Bular gijigen, uzaga çeken konfliktler. Bularyň näme üçin uzaga çekenligini olara düýpleýin aralaşanyňda, çuň göz aýlanyňda görýärsiň. Bular iki ýoldan-da gidip bilýär. Lapykeçlik iň ýaramaz çözgüt däl. Sebäbi olar hem çözgüde hem-de urşa tarap gönügip bilýär. Muny gaty ähmiýetli, çalşyrymly, irnik bir tema öwürýän şu.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Osetiýa/Abhazystan konfliktinde Orsýet Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gürjüstanda bir missiýasynyň döredilmeginiň öňüni birsyhly bökdäp geldi. Siz muňa bu gurama onuň agzalaryň biriniň ynam etmeýänligi diýip garaýarmysyňyz? Moskwanyň bu tutumyny aklamaga haýsydyr bir ýol barmy?

Giedrius Çekuolis: Bu gaty gowy sorag. Men muny Orsýetiň özüne beresim gelýär. Açyk aýdaýyn. Biz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gürjüstanda missiýasynyň täzeden ornadylmagy barada tagalla etdik. Biz regiona gatnap durar ýaly Wenada ýerleşjek bir topar hakda oýlanýarys. Ýöne häzir birnäçe aýlap içki hereketlerimizden soň, ýene-de şol öňki ýerimizde durus. Ýene-de diplomatik işleri ýerine ýetirmeli bolýarys.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Ýene bir mysala geleli - Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Daglyk-Garabagda Kontakt liniýasynyň boýunda bir zada gözegçilik etjek bolsa, üç tarapyň razylygyny almaly. Siziň pikiriňizçe, bu gözegçilik üçin netijeli ýolmy? Taraplaryň bu karardan saklanmagy olaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna ynam etmeýändiginiň alamaty dälmi?

Giedrius Çekuolis: Mesele bu ýerde olaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna däl-de, birek-birege ynamy barada. Ermenistana we Azerbaýjana sapar edenimizde, bizde bu jemgyýetleriň arasynda bütinleý ylalaşmazlyk bar diýen täsir galanok. Adamy ikirjiňlendirýän zat hökümetleriň öz ilatyny gepleşik arkaly gelnen ylalaşyk mümkinçiligine taýýarlamaýanlygy.

Biziň pikirimizçe, taraplar dartgynlygy çäklendirmek üçin gerekli çäreleri görmeli. Regiona meniň wekillerim sapar etdiler, meniň özüm sapar etdim, daşary işler ministrim sapar etdi. Biz her gezekde konfliktiň gepleşikler arkaly çözgüdi üçin syýasy islegiň gerekdigini nygtaýarys. Onsoň özara ynam döretmek baradaky çäreler bar. Mysal üçin, oba ýerlerinde, biri-birine ýakyn obalarda gaty sylanýan garry adamlar bar. Şolar özara gürleşse, ýaşlar özara gatnaşyk açsa, birek-birege ot açmak aňsat bolmaz diýip pikir edýärin. Ine, şular ýaly ýöntemje zatlar. Ýöne bular agyzda aňsat, etmesi kyn işler.

Biziň pozisiýamyz şu: ilki syýasy isleg, ondan soň hem iki jemgyýetiň arasynda birek-birege ynam döretmek üçin görülmeli çäreler. Ýönekeý ynam çäreleri. Sebäbi Ermenistanyň, Azerbaýjanyň prezidentleri gaty güýçli. Olarda öz ýaragly güýçlerine buýruk bermäge, bukudan ok atýanlary togtatmaga, atyşyklary bes etmek düzgünini iň azynda 3-4 aýlap ýa ýarym ýyllap saklamaga güýç-gudrat bar. Gazet-žurnallar hem muňa taýýarlamakda ýene bir mümkinçilikdir. Biz 21-nji asyrda ýaşaýarys. Şol sebäpden ýeke-täk mümkinçilik konfliktiň gepleşikler arkaly çözülmegi. Men harby işlerde ekspert däl, ýöne urşuň konfliktleri çözmejekdigi belli zat.
XS
SM
MD
LG