Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Kaddafiniň oglunyň Nigerde tussag ediljegini aýdýar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet deparatamenti Muammar Kaddafiniň ogullarynyň birini Niger döwleti tussag etmegi planlaşdyrýar diýýär.

Döwlet departamentiniň sözçüçi Wiktoriýa Naland Muammar Kaddafiniň ogly al-Saadi Nigeriň paýtagtyna alnyp gidildi diýdi.

Aýdylmagyna görä, al-Saadi Nigere şu geçen hepdäniň ahyrynda beýleki gaçgak resmiler bilen bilelikde Nigere barypdy.

Onuň Nigere gaçyp atmagy häzir nirededigi bilinmeýän Muammar Kaddafiniň hem ahyry Nigere gaçyp atjagy baradaky gep-gürrüňlere tutaryk bolýar.
XS
SM
MD
LG