Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ruhy hassalykdan ejir çekýän hytaýly raýat dört adamy öldürdi


Çarşenbe güni Hytaýda palta bilen ýaraglanan bir raýat dört adamy, şol sanda ýaş gyzgagazy hem öldürdi.

Ýerli resmileriň aýtmagyna görä, Gongýi şäherinde bolan bu wakada başga-da iki adam ýaralanypdyr.

Ýaşaýjylar güman edilýän hüjümçini tanandyklaryny aýdýarlar. Ol köpden bäri ruhy hassalykdan ejir çekýän bir ýerli fermaçy.

Soňky aýlaryň dowamynda Hytaýda şuňa meňzeş ýene-de birnäçe hüjüm bolupdy. Geçen aý bir adam çagalar bagynda çagalary pyçaklap, olaryň sekizisini ýaralapdy.
XS
SM
MD
LG