Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Palestinanyň özbaşdak döwlet bolmak islegine garşy


Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Lieberman eger-de Palestina özbaşdak döwlet hökmünde BMG-ä agza bolmak ugrunda tagallalaryny dowam etdirse, munuň “gazaply we agyr netijeleriniň” boljakdygyny duýdurdy.

Palestinalylar BMG-niň 194-nji agzasy bolmak ugrunda özleriniň arzasyny resmi taýdan bermäge taýýarlyk görýärler. Muňa Birleşen Ştatlar we Ysraýyl garşy çykýar.

Şeýle-de, Birleşen Ştatlar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde arza weto goýjakdygyny aýdýar. Waşingtonyň sözlerine görä, Palestina döwleti diňe gepleşikleriň üsti bilen döredilmelidir.
XS
SM
MD
LG