Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň daşary syýasaty barada söhbet


Türkiýäniň premýeri Rejep Taýýip Erdogan
Türkiýäniň premýeri Rejep Taýýip Erdogan
Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdoganyň alyp barýan daşary syýasaty, Türkiýäniň Orta Gündogarda oýnaýan we oýnamagy mümkin roly, şeýle hem ýurduň geljegi barada Türkiýede 2002-den 2003-nji ýyla çenli daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetiren, “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň düýbüni tutanlaryň biri Ýaşar Ýaryş bilen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy tarapyndan alyp baran Abubakar Syddyk.

Azatlyk Radiosy: Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan alnyp barylýan daşary syýasaty käbir adamlar “täze ottomanizm” diýip atlandyrýarlar. Muny siz nähili häsiýetlendirýärsiňiz?

Ýaşar Ýaryş: Edil tersine, biz bu adalgany asla ulanmaýarys. Munuň sebäbi hem osmanly mirasynyň Orta Gündogar we öňki Osmanly imperiýasynda köplenç oňaýsyz tarapdan ýatlanýandygy. Şol sebäpden biz Osmanly döwrüne dolanmagy däl-de, ondan bärde regionda demokratiýa we adam hukuklarynyň oňat ilerlemegi ugrunda bolan umumy taraplary ulanmak isleýäris.

Azatlyk Radiosy: Siz “arap baharyndan” soňra Türkiýäniň Orta Gündogarda oýnajak roluna nähili garaýarsyňyz?

“Adalat we Galkynyş” partiýasynyň düýbüni tutanlaryň biri Ýaşar Ýaryş
Ýaşar Ýaryş: Biz dürli arap ýurtlarynda bolýan ösüşlere gyradeň garamaly däl. Her bir ýurtda arap baharynyň ýüze çykmagynyň dürli sebäpleri bar. Her bir ýurtda hem beýlekilerden tapawutly ösüş bolar. Bir arap ýurdunda ýörgünli bolan çözgüt başga bir ýurtda ýörgünli däl. Mysal üçin, Müsürde iň oňat gurnalan syýasy hereket “Musulman doganlygy”. Premýer-ministr Erdogan ýaňy Müsüre eden saparynda dünýewilik düzgünini öwdi. Biziň partiýamyzyň – Erdoganyň partiýasynyň – hemişe berk tarapyny çalyp gelen “Musulman doganlygy” şonda yslamyň Müsürde nähili berjaý edilmelidigi barada bize Türkiýäniň öwüdi gerek däl diýip başlady. Şeýle anyk zatlara aralaşanyňda, şular ýaly tapawutlar ýüze çykýar. Ýöne Türkiýe öz dünýewi sistemasyna guwanýar, ol dünýewiligiň özüne köp zatlary getirendigine, beýleki ýurtlaryň dünýewi däldikleri üçin bu zatlardan mahrum galandygyna ynanýar.

Azatlyk Radiosy: Regoinda beýle uly roly oýnara Türkiýäniň gurby çatarmy?

Ýaşar Ýaryş: Siziň aýdýanyňyz, biziň nusgamyzy kabul edip, özlerine nusga edinmekleri üçin bu ýurtlara pul, para bermek bolsa, Türkiýe ýurtlara para bermek sistemasyny ulanmak islänok. Türkiýäniň göreldesi bar, güýçli we gowşak taraplary bilen birlikde tejribeleri bar. Bu ýurtlar muny görelde edinjek bolsalar, bu olaryň özüne bagly. Munuň üçin serişde gerek däl.

Azatlyk Radiosy: Ýurduň içinde sizi tankytlaýanlar siziň partiýaňyzyň Türkiýäniň syýasy sistemasyna täze şekil bermekde örän işjeňdigini, ýöne içerki garşydaşlara, aýratyn-da žurnalistlere gezek gelende berk hereket edýändigini aýdýarlar. Bulara näme jogap berýärsiňiz?

Ýaşar Ýaryş: Biz hiç haçan Türkiýe demokratiýanyň bir jenneti diýemzok. Biziň gowşak taraplarymyz bar, gapma-garşylyklarymyz bar. Bularyň hemmesini düzetmäge synanyşýarys. Biz köp zatlary etdik. Bu barada uzak ýoly geçdik. Türkiýe indi 2000-nji ýa 1990-njy ýyllardaky ýurt däl. Biz örän köp öňegidişlik etdik. Ýöne ýene edilmeli işler örän köp.

Azatlyk Radiosy: Ýene bäş ýyldan Türkiýe nähili ýurt bolar diýip, pikir edýärsiňiz?

Ýaşar Ýaryş: Içerki nukdaýnazardan aýdylanda, Türkiýäniň dünýäniň iň çalt ösýän ýurdy bolup, dünýä ykdysadyýetiniň krizis döwründe-de 9-10 prosent ösmegi başaran Hytaý bilen bäsleşip bilmegi ýurduň ösüş derejesiniň şeýle dowam etjekdigini, Türkiýäniň öňküsinden hem has gülläp ösýän ýurt boljakdygyny görkezýär, men şuňa ynanýaryn.

Sen näçe baý bolsaň, ýurt şonça-da durnukly bolýar. Sebäbi garyplyk durnuksyzlyk döredýär. Meniň aýdýanym sosial gatlaklaryň milli baýlygyň deň bölünmeýänligi sebäpli gozgalaň turuzmagy. Halkyň girdejisi artsa, ol dynç bolýar, nägilelik kesilýär. Şu ugur dowam eder. Şu ugur hem Türkiýäniň regionda öz ýumşak güýjünden peýdalanmagyna ýol açar. Mysal üçin, Owganystanda Türkiýäniň harby güýji bar. Ýöne Türkiýäniň harby güýji ýumşak güýçden peýdalanýar. Ol metjit, mekdep, ýol we şular ýaly zatlary gurýar. Şol sebäpden hem biz Owganystanda öz harby güýjüne daýanýan ýurtlardan az pul bilen has netijeli işleýäris.
XS
SM
MD
LG