Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlykdan soňky Özbegistan barada söhbet


Özbegistan Garaşsyzlyk baýramyny belleýär, Daşkent, 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabry.
Özbegistan Garaşsyzlyk baýramyny belleýär, Daşkent, 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabry.
Sowet Soýuzynyň darganyna 20 ýyl boldy. Bu geçen döwrüň dowamynda öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlar bilen bir hatarda, syýasy taýdan bolmasa hem, beýleki ugurlardan Merkezi Aziýada uly wakalar bolup geçdi. Olaryň arasynda şol ýurtlaryň diňe Orsýet bilen däl-de, daşky dünýä bilen aragatnaşyk açyp başlamagy, käbir ýurtlarda dartgynly wakalaryň emele gelmegi, koalision güýçleriň goňşy Owganystana girmegi we onuň regiona ýetiren täsiri barada gürrüň etmek mümkin.

Geçen 20 ýylyň dowamynda, regionda ýerleşýän ýurtlaryň arasynda, esasanam Özbegistanda bolan wakalar üns bermäge mynasypdy. Şol ýurtda Andijanda gozgalaň turup, käbir yslamçy hereketler hem peýda boldy.

Ilat sany boýunça Merkezi Aziýada iň uly ýurt diýlip hasaplanýan Özbegistanda bu wakalary ýakyndan yzarlanlardan biri hem 1997-2000-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Özbegistandaky ilçisi bolan jenap Žozef Preseldir.

Garaşsyzlygyna gowşaly bäri, ýagny geçen 20 ýylyň dowamynda Özbegistanda bolup geçen wakalar bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir ilçi Žozef Presel bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz ilçi hökmünde Özbegistanda 1997-nji ýylda işe başlapdyňyz, eýsem bu ýurda barmazdan ozal Özbegistan hakda nämeleri bilýärdiňiz? Ýurda baran badyňyza sizi geň galdyran zatlar boldumy?

Žozef Presel: Elbetde, geň galar ýaly zatlar bardy, emma özüm barada aýtsam, Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlara ilkinji gezek baran beýleki ilçiler ýaly, şol wakalar meni o diýen geň galdyrmady.

Men ilkinji gezek 1970-nji ýyllaryň ortalarynda Özbegistana barypdym. Şol döwürde men Amerikanyň Moskwadaky ilçihanasynda işleýärdim. Onsoň men 1976-njy ýylda Daşkende, Buhara we Samarkanda iki gezek bardym. Ýagny, 1997-nji ýylda ilçi hökmünde baranymda, ol meniň SSSR döwründe baryp gören Özbegistanymdy.

Men özara gepleşigimizde saňa türkçe bilýänligimi aýdypdym. Elbetde, rus dilini hem bilýärin. Onsoň şol tejribeler, nähili ýurda barýanlygymy bilmek hem-de özbekler bilen tanyşmak jähtinden maňa ullakan kömek edipdi.

Azatlyk Radiosy: Özbegistanyň ýolbaşçylary bilen işleşmek nukdaýnazaryndan gürrüň berseňiz. Diplomat hökmünde işlän beýleki ýurtlaryňyz bilen deňeşdirilende, Özbegistandaky tejribäňize nähili baha bese bolar?

Žozef Presel: Biz 1990-njy ýyllaryň soňlaryndaky Özbegistan barada gürrüň edýäris. Men Sowet Soýuzy dargandan 6 ýyl soňra Özbegistana bardym. Şol döwürde özbekler özleriniň garaşsyz bolanlygyna, durmuşyň öňki döwürler bilen deňeşdirilende has tapawutlydygyna ýaňy-ýaňy göz ýetirip başlapdylar. Men olaryň juda serasaply, dostlukly gatnaşyk gurmak boýunça gaty haýal hereket edýänligine göz ýetiripdim. Emma haçan-da kimdir birini gowy tananlygyna ynansalar, özbekler şol adama juda hormat edip, öz wezipeleriniň çäginde mümkin boldugyndan öňa kömek etmäge çalyşýarlar.

Şahsy gatnaşyklaryň hem juda peýdasy bolýar. Şol döwürlerde Özbegistanyň hökümet edaralarynda diňe ors dilinden peýdalanylýardy. Rusça bilýänligm üçin terjimeçi zerurlygyny duýmazdan, işläp bilýärdim.

Azatlyk Radiosy: Özbegistanyň prezidenti bilen birinji gezek haçan duşuşypdyňyz?

Žozef Presel: Men prezident Karimow bilen 1994-nji we 1995-nji ýyllarda Özbegistanda wezipäme girişmezden ozal duşuşypdym. Men şol döwürlerde “Azatlygy we Erkinligi goldamak boýunça edaranyň” başlygynyň orunbasary hökmünde iş alyp barýardym.

Ondan soňra men ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň çäginde, öňki sowet giňişligi bilen gatnaşyklar boýunça adatdan daşary ilçi wezipesine bellenip, bu wezipämiň çäginde wagtal-wagtal regiona sapar ederdim. Onsoň prezident Karimow bilen hem wagtal-wagtal duşuşardym we bu duşuşyklar soňra hem dowam etdi. Haçan-da men ilçi hökmünde Özbegistana baranymda, men prezidenti eýýäm tanaýardym. Sebäbi aramyzda eýýäm şahsy gatnaşyk bardy.

Azatlyk Radiosy: Prezident Karimowyň şahsyýeti, ýolbaşçylygy we bu ugurdaky ukyplary barada siz näme aýdyp biljek?

Žozef Presel: Prezident Karimow barada bilinmeli ilkinji zat, onuň juda akylly bir adamlygydyr. Sebäbi akylly we juda serasaply bolmadyk bir adam üçin kommunistik partiýada ýokary wezipelere çykmak mümkin däldi.

Emma, muňa garamazdan, regionyň beýleki ýolbaşçylary ýaly, onuň hem daşary ýurtlar baradaky maglumaty gaty çäklidi, sebäbi ol daşary ýurtlara o diýen sapar etmändi.

Men prezident Karimow bilen juda aňsatlyk bilen aragatnaşyk gurardym, onuň sebäbi meniň belli bir derejede orsça bilýänligim we, galyberse-de, Özbegistana barmazdan ozal prezident bilen aramyzdaky şahsy gatnaşygymyzdy. Şol bir wagtyň özünde-de, şol döwürlerde biziň gatnaşygymyz, onuň hili 2005-nji ýylda Andijan wakasyndan soňky ýagdaýlar bilen deňeşdirilende juda gowudy.

Azatlyk Radiosy: Prezident Karimow bilen duşuşanyňyzda, wagtal-wagtal adam hukuklary we syýasy reformalar ýaly onuň halamaýan temalaryny hem gozgamaly bolansyňyz, şeýle pursatlarda ol nähili reaksiýa görkezerdi?

Žozef Presel: Hiç kimem tankyt edilmegini halamaýar. Hiç bir prezident tankyt edilmek islemeýär. Elbetde, prezidentler bilen duşuşyk geçirilende, islendik ilçiniň planynda ýokardan berlen tabşyryklar bolýar. Emma şonuň bilen bir hatarda adam hukuklary, saýlawlar, dini azatlyklar we bizi alada goýýan ähli beýleki meseleler barada ABŞ-nyň öňe sürýän tankytlarynyň janynyň bardygyny ol boýun alýardy.

Elbetde, şol aladalary aradan aýyrmak üçin Karimow o diýen uly iş edenokdy, emma käte-käte bu ugurda ädim hem äderdi, emma ol şeýle garaýyşlary öňe sürenimde, hiç haçan gahar etmezdi. Meniň ony diňleýşim ýaly ol hem meni juda üns berip diňlärdi.

Elbetde, 75 ýyllap Sowet Soýuzynyň kontrollygynda bolup, soňra birden garaşsyz bolmak we garaşsyz ýurdy dolandyrmak olar üçin aňsat däldi. Men şol ýurtda öz isleýşim ýaly üstünlik gazanyp bilmedim, emma käte-käte öz islän zadymy hem etdirerdim, emma umuman aýdylanda, men şol ýerde ilçi bolup işlän döwrümde iki ýurduň gatnaşygy mydama dostlukly bolupdy.

Azatlyk Radiosy: Umumy ýagdaý barada birneme gürrüň edesim gelýär. Bu ýurt garaşsyzlyk alaly bäri onuň gazanan üstünlikleri we ýurtda bolan yza gaýdyşlyklar barada gürrüň beräýseňiz?

Žozef Presel: Ilkinji bilen aýtmaly zat: Özbegistanyň öz garaşsyzlygyny gorap bilmegidir. Elbetde, käbir özbekler tarapyndan tama edilişi ýaly Sowet Soýuzy dargandan soňra, özbek ýolbaşçylary regiona baştutanlyk etmegiň o diýen hötdesinden gelip bilmediler.

Ruslar regiona barmazdan ozal Samarkand, Buhara we Kokand ýaly şäherler ýüzlerçe ýyllap şol regionyň merkezi diýlip hasaplanypdy. Onsoň özbekler özleriniň regionyň ýolbaşçysy hökmünde ykrar edilmegi kadaly ýagdaý bolmaly diýip, pikir edýärdiler.

Şol bir wagtyň özünde-de Özbegistan ähli Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhedi bolan ýeke-täk ýurtdur. Daşkende rus patyşalygynyň we soňra-da Sowet Soýuzynyň Merkezi Aziýadaky paýtagty diýlip, baha berlerdi. Meniň pikirimçe, olar regionda aga roluny oýnamak boýunça göz öňüne getirýän rollaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde kynçylyk çekdiler. Bu problemalardan diňe biridir.

Beýleki bir problema bolsa, olaryň henizem ruslar bilen ýüz ýyllarça aralarynda bolan gatnaşygynyň we Moskwanyň öňki agalyk rolunyň psihologiýasyndan o diýen çykyp bilmezligidir. Elbetde, bu düşnükli, 1880-nji ýyllardan başlap, Sowet Soýuzy dargaýança, bu ýurt Moskwanyň tabynlygynda boldy. Emma olaryň ruslara garaýşynyň häzir üýtgän bolmagy mümkin, sebäbi meniň Özbegistandan gaýdanyma 10 ýyl töweregi wagt boldy.

Azatlyk Radiosy: Özbegistan garaşsyzlygyna gowşaly bäri Waşingtonyň bu ýurt boýunça alyp baran syýasatyna siz nähili baha berýärsiňiz?

Žozef Presel: Waşington köp zatlary başgaça we has gowy amala aşyryp bilerdi. Ähli ilçiler, şol sanda amerikan ilçileri, öz paýtagtlarynyň islendik ýurda ýeterlik üns bermeýänliginden şikaýat edýärler. Bu şol wezipäniň bir bölegi bolup durýar.

Waşington barada aýdylanda, onuň Merkezi Aziýany hiç haçan hem esasy üns berýän ýurtlarynyň sanawyna girizmezligidir. Elbetde, bu tankydy garaýyş däl, belkem, hakykatda bolan zatdyr. ABŞ-nyň daşary syýasatynda Merkezi Aziýadan has möhüm ýurtlaryň barlygy gürrüňsiz. Netijede Merkezi Aziýa o diýen üns berilmedi.

Ikinji problema bolsa, Amirkanyň Merkezi Aziýada ýerleşýän ähli ýurtlara diňe bir äýnegiň aňyrsyndan garamagydyr. Elbetde, bu hem kadaly ýaly bolup görünýär, sebäbi olaryň ählisi deň wagtda ünsümizi çekipdi. Şeýle-de amerikan daşary syýasatynda bir ýurtda peýdaly bolan syýasat, ýagny usul, beýleki ýurtda hem peýdaly bolar diýlen pikir bar. Emma Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlary deňeşdireniňde, olaryň arasynda ullakan tapawutlar bar. Ýagny, 28 million ilatly Özbegistan bilen, ykdysadyýeti ösüp barýan we ilatynyň ýarpysy etniki ruslardan ybarat Gazagystanyň arasynda tapawut uly.

Şeýle-de ilat sany we ýerleşýän territoriýasy boýunça kiçijik ýurt bolan Gyrgyzystan bilen özboluşly syýasy ösüşe we ummasyz ýerasty baýlyklara eýe bolan Türkmenistanyň arasynda hem ullakan tapawut bar. Eger Waşington şol ýurtlar boýunça alyp barýan syýasatyny biri-birinden tapawutlandyran bolsa, has peýdaly bolardy.

Azatlyk Radiosy: Özbegistany terk edeniňizden bäri aradan 11 ýyl wagt geçdi. Şol ýurtda bolan döwrüňizi häzirki Özbegistan bilen deňeşdireniňizde, näme aýdyp biljek, ýagny şol 11 ýylyň dowamynda ýurtda nähili özgerişilikler boldy?

Žozef Presel: Üýtgän zatlar – göze görnüp duran zatlardan ybarat. Meselem, men soňky gezek Özbegistana baranymda şäherlerde ady rusça ýazylan dükana gabat gelmedim. Özbegistanyň hökümetinde, belki, rus dilinden henizem peýdalanylýandyr. Iň bärkisi, meniň şol ýurtda ilçi hökmünde işlän wagtymda şeýledi. Emma häzirki döwürde Orsýetiň täsiriniň juda azalanlygyny aýtmak mümkin.

Ýaşlaryň öňki wagtlar bilen deňeşdirilende, häzirki döwürde sapaklaryny o diýen rus dilinde geçmeýänligini aýtdylar. Rus diliniň ornuna iňlis diliniň geçip barýanlygyny gürrüň berdiler.

Meniň pikirimçe, elbetde, bu gowy zat däl, sebäbi rus dili Merkezi Aziýada ýerleşýän şol bäş ýurduň ilatynyň arasynda aragatnaşyk üçin ulanylýan ýeke-täk dildir. Bir türkmeniň gyrgyzça geplemegine garaşyp bolmaz, olaryň ikisi-de rus dilini bilensoň, gyrgyz bilen türkmene öz aralarynda orsça gepleşmek juda aňsatdy.

Şol bir wagtyň özünde-de özbekleriň öz geçmişiniň soňky 150 ýyllygy, umuman aýdylanda, rus dilinde ýazylan. Netijede ýaşlar şol taryhy maglumatlary hem okamakdan mahrum bolarlar, bu hem gynandyryjy wakadyr. Bu göze ilýän ullakan özgerişliklerden biri.

Beýleki ullakan özgerişlik bolsa, ýüzlerçe özbekleriň daşary ýurtlara, şol sanda Amerika okamaga gelmegidir. Olar indi diňe Özbegistanyň raýatlary däl, belkem, dünýäniň raýatlary. Bu pozitiw özgerişlik.

Elbetde, ýurtda özgermedik zatlar hem bar. Olar hökümeti dolandyryş düzgünleri we korrupsiýanyň henizem dowam edýänligidir. Şol bir wagtyň özünde ýurduň okuw we saglyk pudaklarynyň işi günsaýyn erbetleşip barýar. Sebäbi oňa ýeterlik maýa goýulmaýar.

Şahsy pikirimi aýtsam, meni gynandyrýan zatlardan biri hem owadanlygy bilen tapawutlanýan we 19-njy asyryň iň owadan eserlerini öz içine alýan Daşkendiň döwrebap binalar sebäpli daşky görnüşiniň üýtgäp barmagy. Mundan başga-da sýyasy taýdan bolmasa-da, sosial taýdan özgeren zatlar gaty köp. Elbetde, ykdysady reforma diýlen zat göze ilmeýär, bu hakykatdan-da utançly ýagdaýdyr.
XS
SM
MD
LG