Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmentel-2011”


“Türkmentel-2011” atly halkara sergisinde, 14-nji sentýabr.
“Türkmentel-2011” atly halkara sergisinde, 14-nji sentýabr.
Geçen hepde Aşgabadyň Sergi köşgünde “Türkmentel-2011” atly halkara sergisi geçirildi. Sergi zalynyň iki gatynda 100-e golaý ekspozisiýalar ýerleşdirildi.

5-nji gezek geçirilýän halkara sergisine Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Orsýetiň, Türkiýäniň, Litwanyň, Hytaýyň we beýleki käbir daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we firmalarynyň pawilionlarynda häzirki zaman aragatnaşyk tehniki serişdeleri ýerleşdirildi.

Dürli görnüşdäki rasiýalar, aragatnaşyk antennalary, mobil telefonlary, kompýuterler, gözegçilik wideokameralary, elektron kassa apparatlary, GPS kabul edijileri, kabel önümleri we şuňa meňzeş aragatnaşyk tehniki serişdeleri we informasion tehnologiýalar bu serginiň esasy eksponatlary boldy. Bu tehniki serişdeleriň köpüsine türkmen bazarynda hem duş gelmek bolýar.

Sergi zalynda Türkmenistanyň döwlete degişli hem-de hususy kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň-da pawilionlary bar. Döwlete degişli kärhanalaryň ählisi diýen ýaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýärler.

“Türkmenpoçtanyň”, “Türkmentelekomyň”, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hyzmatlaryndan müňlerçe türkmenistanlylar peýdalanýarlar. Sergä tomaşa etmäge gelen, 36 ýaşly Berdi “Altyn asyryň” täze nyrhynyň dörändigini aýdyp, Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

—Sergide paýlanýan bukletleriň arasynda “Altyn asyryň” täze “Tygşytly” atly nyrhynyň bukleti hem bar eken. Bu nyrh boýunça ähli giriş jaňlar 2 teňňe. “Altyn asyryň” pawilionynda oturan wekilinden bu nyrh barada soradym. Ol “Altyn asyryň” ilata hyzmat edýän işgärleriniň köpüsine mahsus bolan jogaby berdi. Ýagny, hiç zat bilmeýändigini aýtdy. Häzire çenli maňa “Altyn asyryň” diňe bir tarifi mälim. Bu täze tarif barada öň hiç hili bildiriş ýokdy.



Sergä gatnaşan türkmen hususy kärhanalarynyň pawilionlaryndaky informasion tehnologiýalarynyň hem-de aragtanaşyk tehniki serişdeleriniň köpüsini türkmenistanlylar gündelik durmuşlarynda ulanýarlar. Bu tehniki serişdeleriň hiç birinde “Türkmenistanda öndürilen” diýen ýazgy ýok. Türkmenistanda şeýle tehnologiýalaryň we tehniki serişdeleriň entek öndürilmeýändigine bu sergi hem şaýatlyk edýär. Ýöne, muňa garamazdan, ýurtda aragatnaşyk we informasion tehnologiýalar halk hojalygynda giňden ulanylýar. Şu ýyl Türkmenistan elektron hökümet ulgamyny girizmek hem-de özüniň emeli hemra aragatnaşygyny döretmek boýunça anyk ädimler etdi.

Sergide bu ugurlar boýunça hem ekspozissiýalar bardy. Mysal üçin, Orsýetiň “Газпром космические системы”, Britaniýanyň “Hermes” kompaniýalary hemra aragatnaşygy boýunça tehnologiýalaryny we hyzmatlaryny hödürleýärler. Litwanyň “Satgate”, “Alna grup” kompaniýalary öz pawilionlarynda elektron resminama dolandyryş sistemalary bilen tanyşdyrdylar.

“Türkmentel-2011” halkara sergisiniň çäginde “Türkmenistan we dünýä informasion-telekommunikasiýa ulgamlary” atly halkara ylmy maslahaty hem geçirildi. 14-nji sentýabrda açylan we üç günläp dowam eden halkara sergisi 16-njy sentýabrda öz işini tamamlady.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG