Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

G8 arap ýurtlaryna 80 milliard ýewro goýberer


Ykdysady taýdan ösen sekiz döwletiň liderleri halk tolgunyşygyny başdan geçiren arap ýurtlaryna demokratik reformalary geçirmek üçin ykdysady we syýasy taýdan ýardam bermek borjuny öz üstlerine aldylar.

20-nji sentýabyrda BMG-niň Baş Assambleýasynda geçirilen duşuşykdan soň ýaýradylan beýanatda arap ýurtlaryndaky wakalar “uly umytlary döredýän çeşme” diýlip atlandyryldy.

Fransiýanyň daşary işler ministri Alan Žüpeniň aýtmagyna görä, häzirlikçe Müsür, Iordaniýa, Tunis we Marokko ýaly ýurtlara kömek etmek üçin 80 millard ýewro baradar serişdäniň berilmegi baradaky ylalaşyga gelnipdir.

Bu serişdeleriň arap ýurtlaryna iki ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn beriljekdigi habar berildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG