Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: Palestina meselesini ylalaşyp çözmeli


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 21-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edip, palestin ýolbaşçylaryny BMG-de Palestinany garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etmek meselesini gozgamazlyga yrmaga synanşdy. Ol ysraýyl-palestin konfliktiniň çözgüdini diňe gepleşikler arkaly tapyp boljagyny ýene bir gezek nygtady.

ABŞ Palestinanyň garaşsyzlygyny ykrar etmek meselesi orta atylsa, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde öz weto goýmak hukugyndan peýdalanjakdygyny öňünden duýdurdy. Bu barada prezident Obama Mahmud Abbas bilen geçiren gepleşiklerinde ýene bir gezek ýatlatdy.

Palestin awtonomiýasynyň ýolbaşçysy Mahmud Abbasyň hepdäniň anna güni BMG-niň Baş Assambleýasynda Palestinanyň bu gurama agza bolmagy barada resmi suratda ýüz tutmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG