Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklary: Türkmenistan Belarusa baha berdi





Ýer: BMG-niň Adam hukuklary geňeşi, Ženewa
Sene: 2011-nji ýylyň 21-nji sentýabry
Çykyş edýär: Türkmenistanyň BMG-däki diplomaty Hemra Amannazarow

— Türkmenistan Belarusyň 2010-njy ýylyň maý aýynda geçirilen Ählumumy döwürleýin syn netijesinde BMG-niň agza döwletleri tarapyndan hödürlenen 93 teklibiň 75-sini kabul etmek baradaky kararyna ýokary baha berýär. Şeýle hem Belarusyň şol teklipleri durmuşa geçirmek barada milli maksatnamany kabul etmegi we bu ugurda edaralaryň arasyna ýörite topar döretmegi bizi guwandyrýar.

Türkmenistan Belarusyň demokratiýa we adam hukuklary babatda halkara jemgyýetçiligi bilen ýakyndan işleşmek we olara 2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda geçirilen preziden saýlawlaryndan soň bolup geçen wakalar boýunça maglumat bermek baradaky kararyna hormat goýýar.

Türkmenistan Belarusyň 2010-njy ýylyň 19-njy dekbarynda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň bolup geçen wakalar barada Adam hukuklary boýunça Ýokary komissaryň edarasyna (OHCHR) we bu ugurdaky ýörite proseduralara yzygiderli maglumat bermek baradaky inisiatiwasyny goldaýar.

Türkmenistan adam hukuklarynyň ilerledilmeginiň we goralmagynyň halkara jemgyýetçiliginiň öňünde kepillendirilmegi boýunça zerur çäreleri görmäge Belarusyň ygrarly bolup galmagyna hormat goýýar.
XS
SM
MD
LG