Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene 12 ýyl: Putiniň dolanmagy durgunlygyň reseptimi?


Eger Wladimir Putin ýene iki möhlet Orsýetiň prezidenti bolsa, bu ýagdaý ony 2024-nji ýyla, 72 ýaşyna çenli häkimiýet başynda saklar. Bu doňaklyk we durgunlyk üçin reseptmi?

Medwedew Putini Orsýetiň prezidentligine hödürledi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00


Şenbe güni 2012-nji ýylyň martynda geçjek prezident saýlawlarynda prezidentlige dalaş etjeginiň yglan edilmegi bilen, Wladimir Putin Orsýetiň Iosif Stalinden bäri iň uzak dolandyryjysy bolmak ýoluna düşýär. Eger-de ol hersi alty ýyldan ýene iki möhlet prezident bolsa, bu onuň 1999-njy ýylda öňki prezident Boris Ýelsiniň Täze ýylyň öňüsyrasynda işden çekilmegi bilen Kremle gelip, iki onýyllykdan hem gowrak, 2024-nji ýyla çenli häkimiýet başynda galmagyny üpjün eder.

Bu 1964-nji ýyldan 1982-nji ýyla çenli, tä ölýänçä döwlet başynda oturan sowet lideri Leonid Brežnewiň 18 ýyllyk dolandyryşyndan hem köp bolýar. Elbetde, ykdysady we sosial durgunlygyň sinonimi bolan Brežnew döwri 1920-nji ýyllaryň ortasyndan 1953-nji ýyla çenli, tä ölýänçä, üç onýyllyga golaý häkimiýet başynda oturan Staliniň döwründen gysgarak.

Oppozisiýadaky syýasatçylar we ekspertler Putiniň prezidentlige dolanyp gelmegi Brežnew döwrüniň ahyryndaky bihaýalyga, korrupsiýa we sosial-ykdysady çökgünlige getirer diýýärler.

“Ýurtda hiç zadyň üýtgemejegine diňe gynanmak gerek. Orsýetde şu gün bolýan zatlara ýene azyndan 12 ýyl çydamaga taýýardyklaryna ýa däldiklerine esasy jogaby raýatlaryň özleri bermeli. Elbetde, hiç hili modernizasiýa bolmaz, uzak bolmadyk geljekde krizise alyp geljek durgunlyk tendensiýalary çuňlaşar” diýip, oppozisiýadaky “Ýabloka” partiýasynyň lideri Sergeý Mitrohin Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Britaniýanyň “The Economist” hepdeliginiň halkara redaktory we “Täze sowuk uruş: Putiniň Orsýeti we Günbatara abanýan howp” atly kitabyň hem-de ýakynda çykjak “Aldaw: Içalylar, Ýalanlar we Orsýet Günbatary nädip oýnaýar” atly kitabyň awtory Edurad Lukas bu ýurt indi Brežnew döwrüniň ahyryndaky doňaklygy gaýtalamak töwekgelligi bilen ýüzbe-ýüz dur diýýär.

“Men Brežnew analogiýasy (çalymdaşlygy) gaty çynlakaý zat diýip pikir edýärin. Elbetde, onuň (Putiniň) bu taýda Brežnew däldigi açyk, ol fiziki taýdan gurgunrak we Orsýet polisiýa döwletem, planly ykdysadyýetem däl. Emma korrupsiýa we iş bilmezlik duýgusy örän güýçli bolar” diýip, Lukas aýdýar.

Iki bölege bölünen

Ekspertler Orsýetde elitanyň iki bölege bölünendigini aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, syýasy sistemany açmagyň we modernizasiýanyň tarapdary bolan maliýe ministri Alekseý Kudrin ýaly tehnokratlar bir tarapda bolsa, howpsuzlyk gullugynyň weterany, premýer-ministriň orunbasary Igor Seçin ýaly soňky onýyllykda Putin tarapyndan gurlan berk gözegçilik döwletini goldaýanlar ikinji tarapda durýar.

Moskwada ýaşaýan syýasy synçy Wladimir Pribilowskiý Azatlyk Radiosyna elitanyň içinde reforma we modernizasiýa ýykgyn edýänleriň indi Medwedewden göwünleriniň geçendigini we sistemanyň içinden özgerişlige täsir edip biljek başga birini gözleýändiklerini aýtdy.

“Soňky ýylyň dowamynda Medwedewiň häkimiýetini uzaltmagyň tarapdary bolan klanlar we toparlar gowşady. Mundanam başga, olaryň bir bölegi ýüzüni [maliýe ministri] Alekseý Kudrine öwürdi. Olar oňa reformanyň we özgerişligiň inisiatory we [premýer-ministriň orunbasary] Igor Seçiniň ýolbaşçylygyndaky konserwatiw topara oppozisiýa hökmünde seredýärler” diýip, Pribilowskiý aýdýar.

Elbetde, ýene bir 12 ýyl häkimiýet başynda galmaga mümkinçilik alsa, Putiniň özüni syýasy reformalara başlamaga hem taýýar duýmagy mümkin. Emma ol öz prezidentliginiň irki ýyllarynda salgyt kanunlaryny ýönekeýleşdirmek, ýer eýeçiligini liberallaşdyrmak ýaly reformalara başlan hem bolsa, syýasy sistemany gowşatmaga isleg bildirmändi. Tersine, Putiniň hereketleri köplenç awtoritarizme gönügipdi.

Lukas Putiniň Kremldäki indiki möhletinde reformaça öwrüljegine şu sebäpden ynamsyzdygyny aýdýar. Ekspertiň pikiriçe, Putiniň häkimiýeti onuň Orsýet elitasyny düzýän basdaş klanlary deňagramlylykda jylawlap saklamak başarnygyna esaslanýar. Onsoň, aşa köp reformanyň özara ylalaşyklary bozmagy we agyr netijelere getirmegi mümkin.

“Şeýlelikde, Putin öz döreden sistemasynyň bir bendisi. Ol arbitr, deňagramlaşdyryjy güýç. Haçanda klan dawalary örňäp galyberse, ol gowgany ýatyrýar. Ol öz döreden sistemasynyň tussagy, bu onuň hakykatda ony üýtgedip bilmejegini aňladýar” diýip, Lukas aýdýar.
XS
SM
MD
LG