Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa daşary ýurtlary prowokasiýada aýyplaýar


Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda çykyş edip, daşary ýurtlary, şol sanda Günbatar döwletlerini ýurtda bidüzgünçilikleri öjükdirmekde aýyplady.

Muallemiň sözlerine görä, prezident Başar al-Assad tarapyndan söz berlen demokratik reformalara başlamaga ýaragly söweşijileriň hereketleri päsgelçilik döredýär, protestçiler şolaryň diýeni bilen hereket edýär.

Ministr şol bir wagtda häkimiýetleriň oppozisiýa bilen gepleşiklere taýýardygyny-da aýtdy.

Soňky aýlar Siriýada bolan çaknyşyklarda, BMG-niň maglumatyna görä, 2,500-den gowrak adam heläk bolupdyr.

Zorluklary bes etmek talapy bilen ABŞ we ÝB Damaska garşy sanksiýalary girizdi.
XS
SM
MD
LG