Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Er-Rýaddaky graždanlaryna duýduryş etdi


Birleşen Ştatlaryň Er-Rýaddaky ilçihanasy Saud Arabystanynda daşary ýurtlularyň ogurlanmak ähtimallygyny amerikan graždanlaryna duýdurdy.

Amerikan ilçihanasynyň internet saýtynda ýerleşdirilen duýduryşda Er-Riýadda günbatar döwletleriniň graždanlaryny ogurlamak boýunça dildüwşügiň bardygy dogrusynda diplomatlaryň maglumat alandygy, şol hereketiň arkasynda haýsydyr bir terroristik toparyň durandygy aýdylýar.

Mundan öň Saud Arabystanynyň içleri işler ministri şazada Naif bin Abdulaziz ýurtda terroristik howpuň saklanýandygyny, ekstremistlere Eýranyň goldaw berýän bolmagynyň mümkindigini aýdypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG