Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gündogar hyzmatdaşlygynyň” sammiti açyldy


Warşawada “Gündogar hyzmatdaşlygynyň” iki günlük sammiti açyldy. Onuň gün tertibinde öňki SSSR-iň alty döwleti - Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gürjüstan, Moldowa we Ukraina bilen ÝB-niň ýakynlaşmak meselesi durar.

Şu ýylyň ahyrynda Polşanyň Ýewropa Bileleşigine başlyklyk möhleti tamamlanýança, Ukraina erkin söwda barasynda gepleşikleri tamamlamak we ÝB bilen hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşmak başardar diýip, Warşawa umyt edýär.

Ýöne soňky döwür öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň sud derňewleri bilen bagly Ukrainada kanunlaryň agalygy hem onuň demokratiýa tarapdarlygy şübhe astynda.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko sammite çagyrylmady, oňa Ýewropa Bileleşiginiň territoriýasyna girmek gadagan edilipdi.
XS
SM
MD
LG