Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Putiniň has meşhurdygyny aýdýar


Prezident Dmitriý Medwedew ikinji möhlete prezident bolmaga synanmazlyk baradaky kararyny gorap, millet Putini has gowy görýär diýdi.

Medwedew telewideniýede berlen interwýusynda Putin bilen maksadynyň birdigini, emma onuň özünden has köp jemgyýetçilik goldawyna eýedigini nygtady.

“Saýlaw halk tarapyndan amala aşyrylýar. Bular ýöne bir boş sözler däl. Bu durşuna hakykat” diýip, Medwedew aýtdy.

Şeýle-de ol saýlawyň netijesiniň öňünden kesgitlenendigini inkär etdi we “haýsam bolsa bir lidere ýa syýasy güýje ses berip ýa olary inkär etmek arkaly, diňe halk, diňe biziň raýatlarymyz belli bir karara gelip biler” diýdi.
XS
SM
MD
LG