Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan marşruty sorag astynda, Waşington ýüzüni Özbegistana öwürýär


Ýaralanan german esgerleri dikuçardan düşürilýär, Termes, Özbegistan, 2010-njy ýylyň 16-njy apreli.
Ýaralanan german esgerleri dikuçardan düşürilýär, Termes, Özbegistan, 2010-njy ýylyň 16-njy apreli.
Ak Tam çarşenbe güni prezident Barak Obamanyň özbek lideri Islam Karimowa jaň edip, ýurduň garaşsyzlygynyň 20-nji ýyllygyny gutlandygyny tassyklady. Bu jaň Özbegistanda awgust aýynyň aýagynda geçen garaşsyzlyk baýramyndan takmynan bir aý soň boldy welin, ýöne ol adam hukuklaryny goraýan guramalaryň amerikan hökümetini Islam Karimowa harby kömek bermek planyny täzeden dikeltmezlige çagyran gününe gabat geldi.

Karimow syýasy opponentler diýlip garalýan adamlary gynamakda, ýurduň düşewüntli pagta senagatynda çaga zähmetinden peýdalanylmagyna göz ýummakda aýyplanýar. Bu şeýle hem Pakistan bilen bolan dawanyň Waşingtony Owganystanda barýan uruşda özüniň strategik ýaranlary barada täzeden oýlanmaga mejbur eden mahalyna gabat geldi.

Başga bir mümkinçilik

Lilit Geworgýan Jeýn “Maglumat toparynda” Orsýet we GDA boýunça analizçi. Ol Birleşen Ştatlaryň Owganystana gerekli zatlary ýetirmek üçin Pakistana garaşlylykdan dynyp, Merkezi Aziýadan ýol gözleýändigini belleýär:

—Pakistandaky kynçylyklar zerarly Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçler, elbetde, başga bir mümkinçilik agtarýarlar. Biz soňky ýyllarda Pakistandaky ýoluň howpsuzlygynyň we oňa bolan ynamyň kem-kemden ýaramazlaşandygyna şaýat bolduk. Birleşen Ştatlar bilen NATO-ny Merkezi Aziýadaky bar bolan mümkinçiliklere gaýtadan dolanyp gelmäge mejbur edýän zat şol.

Pakistan bilen bolan dawadan gelip çykan syýasy ýagdaý sebäpli Birleşen Ştatlaryň terrora garşy uruş netijesinde kyn dostluklara ýüz urmagy ilkinji gezek däl. Amerikan hökümeti 11-nji sentýabr hüjümlerinden soň, 2001-nji ýylyň aýaklarynda hem Gyrgyzystanda we Özbegistanda harby bazalaryny açdy.

2004-nji ýylyň fewralynda Karimow bilen duşuşan şol mahalky goranmak ministri Donald Ramsfeld Özbegistan bilen gülläp ösýän dostlugy taryplady. Ýöne 2005-nji ýylda Andijanda bolan gyrgynçylyk Amerikanyň syýasatynda täzeden oýlanmalara sebäp boldy. Bu waka barada halkara barlagynyň geçirilmegine çagyransoň, Waşington Özbegistandaky Garşy-Hanabat bazalaryny boşatmaly boldy.

—Birleşen Ştatlaryň şu wagt Özbegistanda bazasy ýok. Şol sebäpden munuň bilen deňäniňde goňşy Gyrgyzystan örän ähmiýetli. Ýöne potensial taýdan aýdanyňda, Özbegistan has möhüm. Gyrgyzystandaky “Manas” harby bazasy bilen deňäniňde ol gowy şertleri hödürleýär. Ondan Owganystana göni ýol bar. Gyrgyzystan bilen deňäniňde transport harajaty gaty az bolar—diýip, Geworgýan aýdýar.

Adam hukuklary we harby bähbitler

Ýöne Birleşen Ştatlar Owganystana ýetirilmeli üpjünçilik üçin Özbegistandan peýdalanmazdan öň oňa birnäçe sowgat hödürlemeli. Şoňa laýyklykda Amerikan Senatynda degişi Komissiýa Özbegistana harby kömegi gadagan edýän adam hukuklarynyň ýagdaýy zerarly bu ýurduň garşysyna girizilen çäklendirmäni ýatyrmak baradaky synanyşygy oňlady.

Adam hukuklary ugrunda göreşýän guramalaryň 20-si, şol sanda “Human Rights Watch” we “Amnesty International”, 28-nji sentýabrda hat ýazyp, Döwlet sekretary Hillari Klintondan adam hukuklaryny harby aladalardan ileri tutmagy soradylar. Şeýle hem 60 töweregi aktiwist Waşingtonda ABŞ-Özbegistan söwda palatasynyň gurnan söwda forumynyň öňünde protest geçirdi.

Germaniýanyň paýtagty Berlinde ýerleşýän Konstitusiýa we adam hukuklary merkeziniň işgäri Miriam Saage-Maass Klintona ýazylan hata gol çekenleriň biri. Ol köp ýurtlaryň, şol sanda Germaniýanyň-da Özbegistanda köp bähbitleriniň bardygyny, şol sebäpden adam hukuklary barada berýän wadalarynda durmaýandyklaryny aýdýar.

—Germaniýanyň harbylarynyň Owganystan üçin üpjünçilikleriniň esasy bazasy Özbegistanda. Olaryň Özbegistanda alnyp barylýan syýasata we adam hukuklarynyň bozulmagyna berk garşy çykmaýandyklary üçin köplenç bahana edinýäni şu. Biz adam hukuklary meselesiniň ähmiýeti ykdysady we harby bähbitlerden kemdir öýdemzok—diýip, Saage-Maass aýdýar.
XS
SM
MD
LG