Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi


Sişenbe güni fizika boýunça asman giňişligini öwrenýän iş üçin Nobel baýragy berildi diýip, Stokgolmda Şwed patyşalygynyň Ylymlar akademiýasynyň Nobel komiteti yglan etdi.

Baýragy Birleşen Ştatlardan alymlar Sol Perlmutter, Adam Raýss we awstraliýaly Braýan Şmidt alar. Olar barha artýan tizlik bilen asman giňişliginiň ulalýandygyny anykladylar.

“Asman giňişliginiň ulalýandygy baradky açyş kosmosy öwrenmekde möhüm sepgitdir. Arşyň giňelme taryhy bize dünýäniň emele geliş ewolýusiýasy, onuň ykbaly hem bolmagy mümkin soňy barada düşünje berýär” diýip, fizika boýunça Nobel komitetiniň başlygy Borýe Ýohanson Stokgolmda bolan metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Her ugur boýunça berilýän Nobel baýragynyň pul ölçegi 10 million şwed krony ýa-da bir million ýewro. Baýrak 10-njy dekabrda – bu baýragy esaslandyryjy Alfred Nobeliň aradan çykan güni Stokgolmda dabara bilen gowşurylar.
XS
SM
MD
LG