Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenkodan soňky durmuş


1994-nji ýyldan bäri ýurda prezidentlik edip gelýän Lukaşenkonyň syýasy karýerasy aýaklap gelýär diýen pikirden ugur alynýar.
1994-nji ýyldan bäri ýurda prezidentlik edip gelýän Lukaşenkonyň syýasy karýerasy aýaklap gelýär diýen pikirden ugur alynýar.
Belarus lideri Aleksandr Lukaşenko häzir agyr krizis bilen ýüzbe-ýüz. Öten dekabrda geçen prezidentlik saýlawynda syýasy oppozisiýanyň basyp ýatyrylmagy onuň Ýewropanyň iň soňky diktaturasy diýip atlandyrylýan ýurduny diplomatik taýdan öňküsindenem beter üzňelige saldy. Ondan soňky aýlarda bolan ykdysady çökgünlik we belarus pulunyň hümmetiniň aşa peseldilmegi hem ýurduň ilatynyň ýaşaýyş derejesine urlan agyr zarba bolup degdi.

Indi 1994-nji ýyldan bäri ýurda prezidentlik edip gelýän Lukaşenkonyň syýasy karýerasy aýaklap gelýär diýen pikirden ugur alynýar. Ýöne esasy mesele ondan soň näme bolar diýen sorag. Bu barada hem günbatar paýtagtlarynda ekspertleriň arasynda dürli pikirler bar.

Waşingtonda ýerleşýän “Freedom House” guramasynyň prezidenti Deýwid Krameriň pikiriçe, Lukaşenkonyň wezipeden çekilmegi baradaky strategiýany işläp düzmeli belaruslaryň özi, ýöne Günbatar käbir zatlarda kömek berip bilýär:

—Bu barada iň soňunda karar etmeli belarus halkynyň özi. Ýöne Günbataryň hem oýnamaly roly ýok däl. Meniň pikirimçe, bu bir özboluşly pursat. Aýtjak bolýanym şu: Belarus bular ýaly ykdysady krizis bilen ozal asla ýüzbe-ýüz bolanok. Bu Lukaşenkonyň öňkülerinden has ysgynsyzdygyny aňladýar. Bu onuň edim-gylymlaryndan we özüni alyp barşyndan görnüp dur. Şol sebäpden görkezilýän gysyş şu wagt dowam etmeli, ol gowşamaly däl.

Atlantik Geňeşiniň işgäri Damon Wilson bu barada Ýewropa Bileleşigi bilen Waşingtonyň oýnamaly roluna köp ähmiýet berýär. Polşanyň daşary işler ministriniň orunbasary Krzysztof Stanowskiniň pikiriçe, Ýewropa Belarusdaky ýagdaýa garyşman bilmez:

—Ilkinji delil – gymmatlyklar. Biziň dogry hasaplaýan gymmatlyklarymyz. Birleşen Ştatlar, Ýewropa we aýratyn-da Polşa ýaly ýurtlar üçin örän ähmiýetli gymmatlyklar. Ýene bir delil şu: biz onlarça ýyllap öz howpsuzlygymyzyň tanklara, aýagy botinkaly esgerlere we raketalara baglydygyna ynanyp geldik. Ondan soň onuň ykdysadyýete-de baglydygyna düşünip ugradyk. Aýratyn-da öten ýyl öz howpsuzlygymyzyň ýurtlaryň nähili dolandyrylyşyna, halkyň öz geljegini nähili kesgitleýşine baglydygyna oňadrak göz ýetirdik.

Belarusyň ykbalyny Ýewropa öz tarapyndan, elbetde, kesgitläp bilmez. Sebäbi Belarus hem ykdysady hem-de syýasy taýdan Orsýet bilen berk baglanyşykly. Şol sebäpden Orsýetiň hem bähbitleri göz öňünde tutulmaly.

Meselaniň ykdysady tarapy örän çylşyrymly. Belarusda öňdürilýän öňümleriň 70 prosenti uly döwlet kärhanalarynda öndürilýär. Lukaşenkonyň öz režimini tijemek üçin bulary satmaga meýil görkezmegi mümkin.

Waşingtonda ýerleşýän Halkara ykdysadyýeti baradaky Peterson institutynyň işgäri Anders Aslundyň pikiriçe, muňa hiç bir halatda ýol berilmeli däl:

—Bu günki mesele Lukaşenkonyň öz ýurduny talap, ony boş goýmagyna, 1991-nji ýylda sowet ýolbaşçylarynyň edişi ýaly, ony bergä batyrmagyna ýol bermezlik.

Orsýetiň Demokratik ösüş we adam hukuklary baradaky merkeziniň başlygy Ýuriý Jibladze ykdysady mümkinçilikden peýdalanyp, Belarusda režimiň çalşylmagyny öňe sürmäge şu wagt Günbatar üçin bir pursat diýen pikirde. Ýöne Atlantik Geňeşiniň işgäri Wilson: “Lukaşenko mundan artyk çydamlylyk görkezip-görkezmezlik belarus halkynyň özüne bagly” diýýär.

—Biz Belarusda režimi çalşýan ussatlar boljak bolamzok. Režimi çalşýan ussat belarus halkynyň özi bolar. Öz geljegine eýe bolmaly halk, biziň işimiz bu prosesde olara kömek etmek. Ýöne, meniň pikirimçe, Kaddafiniň çöldäki çadyry Lukaşenko üçin bir gowy ýer — diýip, Wilson sözüniň üstüni ýetirýär.
XS
SM
MD
LG