Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syýasatçy Aleksandr Konowalow—Siriýa boýunça Orsýetiň nazaryýeti hakynda


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (çepde) Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşýar, Damask, 2010-njy ýylyň 10-njy maýy.
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (çepde) Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşýar, Damask, 2010-njy ýylyň 10-njy maýy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde Siriýa boýunça Orsýetiň nazaryýeti nämeler bilen delillendirilen? Näme üçin Moskwa mundan birnäçe aý ozal Liwiýadaky ýagdaýlar barada ses berlişik mahaly saklanmak bilen, Günbatar bileleşigine Muammar Kaddafiniň düzgünine garşy güýç ulanmaga mümkinçilik berip, häzir Başar al-Assadyň häkimiýetini goraýana meňzeýär? Howpsuzlyk Geňeşinde Orsýetiň diplomatiýasy nähili pikirlere gulluk etdikä?

Şular barada Strategiýa bahalary institutynyň direktory Aleksandr Konowalow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna interwýu berýär:

—Şeýle ses bermegiň sebäpleri bar. Birinjiden, ýakynda Liwiýada goparylan işlerden soňky gorky-ürki. Onsoňam, basym Orsýetde saýlawlaryň geçiriljekdiginem göz öňünde tutmaly. BMG-de mundan ozal Liwiýa boýunça kabul edilen rezolýusiýa Orsýetde köpçülikleýin goldaw tapmady: hamala, Moskwa kimdir biriniň sazyna tans oýnan ýaly boldy. Ikinjiden, ykdysady sebäpleri-de ýatdan çykarmaly däl: ýarag satmak we arap Gündogary bilen gatnaşyklary saklamak Moskwa üçin örän ähmiýetlidir. Şol ýerlerde bolsa biz täsirlerimizi gowşadýarys. Şeýle ýagdaý Kremle ýaranok. Göräýmäge, Assad häzirlikçe öz ornunda pugta oturan ýalam. Ýöne onuň örän köp saklanyp bilmejegi-de görnüp dur. Ine, şu “Liwiýa gorky-ürküsi-de”, meniň pikirimçe, iňňän ýowuz oýun boldy: Liwiýa boýunça kabul edilen rezolýusiýa (Moskwa şonda ösen demokratiýa bloguna goşulmak isleýän terzde saklanypdy) Liwiýada düşnüksiz zatlaryň bolup geçmegine getirdi. Liwiýada demokratiýa we adalat ýeňdi diýmäge diliň barjak däl.

—Ýöne häzirki wakalaryň gidişi Kaddafiniň döwründäkiden ýaramaz bolmaz diýmäge esas berýär. Orsýet welin eýýäm Liwiýadaky ykdysady pozisiýalaryny ýitirdi.

—Birinjiden, hiç haçan “hiç haçan” diýme. Orsýet nämedir bir zatlary ýitirdi diýip aýtmak bolmaz. Kaddafiniň döwründäkiden ýaramaz bolmajagy-da äşgär görnüp duranok. Mysal üçin, Kaddafiniň döwründe sosial sistema örän ösendi, bilim meseleleri-de gowy çözülýärdi. Men ony hiç bir weçden aklamak islämok. Ony gitmeli diýip hasaplaýaryn. Sebäbi ol hiç kim bolup galdy. Ýöne häzirlikçe Liwiýada uruş gidýär, häzirlikçe Kaddafiniň düzgüni gutarnykly syndyrylanok, NATO welin çynlakaý, kollektiwleýin hereket etmäge ukybynyň ýokdugyny görkezdi. Ahyrky netijede NATO Liwiýany gysyp taşlar, ýöne bularyň barysy birnäçe günlük operasiýa bolaýmady, umuman, hemmesi beýle göwnemakul bolmady. Menem ömrümde ilkinji gezek telewideniýede Orsýetiň prezidenti bilen premýeriniň pikirleriniň çapraz gelendigini gördüm.

—Ýöne indi, megerem, pikirler gabat gelse gerek. Günbataryň syýasatçylary-da Siriýa boýunça gelnen karary—geljekki prezident Putiniň Orsýetiň ýöretjek täze daşary syýasatynyň karary diýip gürrüň edip bilerler.

—Häzir bu çözgüdi umumy diýip hasaplap bolar, sebäbi Medwedew wehim etdi, ol nämedir bir zatda ýalňyşdy, ozalky rezolýusiýa boýunça içerki goldawy tapmady. Ol Orsýetiň bähbitleri babatda-da özbaşdak hereket edýändigini görkezmäge çalyşdy. Häzir welin Medwedewiň edýän zatlary hiç kimi-de gyzyklandyryp baranok.

—Diýmek, Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa boýunça karary hakykatda soňa goýlana meňzeýär, ýurtdaky raýatlyk urşy-da dowam edýär. Siriýadaky ýagdaýlary düzgünleşdirmekde Orsýetiň konstruktiw gatnaşmaga mümkinçiligi barmy?

—Biziň diplomatlarymyzyň aýdyşy ýaly, ähli taraplaryň gepleşiklere başlamagy üçin, atyşygy bes etmeli. Şeýdilse, gaty gowy bolardy. Ýöne, munuň özi, “Ähli kişiniň baý we sagdyn bolmagy gaty gowy zat bordy” diýip, maslahat beren ýaly bir zat. Assadyň kimdir biri bilen gepleşik üçin stoluň başyna geçjegine ynamym ýok. Hasap-hesibi ýokardan tutsaň, onuň düzgüniniň ömri gysga. Müsürde, Tunisde, Liwiýada bolup geçen wakalar Ýakyn Gündogarda haýsydyr bir tektoniki gozganmalaryň başlanandygyndan habar berýär, indi olary ýokardan dolandyraýmak başardanok.

—Şeýle ýagdaýda Orsýetiň pozisiýasy dürsmi?

—Ýok, dürs däl. Men has açyk-aýdyň pozisiýany saklardym. Ýöne alnyňda saýlaw perspektiwasy durka çem gelen sesi gapyp almaly bolýar. Häzir Orsýetde milletçilik ideýalary meşhurlyk alýar, şonuň üçinem Putin Ýewraziýa soýuzy ideýasyny ýöne ýerden işeňňirlik bilen ulananok. Birleşmäniň bu görnüşi haýsydyr bir babatda beýik döwlet boýunça gussa bolup durýar.

Andreý Şaryý Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG