Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kongresmen: žurnalistiň tussag edilmegi Türkmenistan-ABŞ gatnaşyklaryna zeper ýetirýär


Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň Wekiller öýüniň Daşary işler komitetiniň ýokary derejeli agzasy, demokrat kongresmen Howard L.Berman
Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň Wekiller öýüniň Daşary işler komitetiniň ýokary derejeli agzasy, demokrat kongresmen Howard L.Berman
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň ştatdan daşary habarçysy Döwletmyrat Ýazgulyýewi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň sudunyň 5 ýyl türme tussaglygyna höküm etmegi bilen bagly waka halkara guramalary ýiti reaksiýa bildirdiler.

Şol bir wagyň özünde, Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň Daşary işler komitetiniň ýokary derejeli agzasy, demokrat kongresmen Howard L.Berman hem türkmen žurnalisti Döwletmyrat Ýazgulyýewiň azatlykdan mahrum edilmegine uly alada bildirýär. Azatlyk Radiosynyň Waşintondaky žurnalisti Muhammad Tahir onuň bilen interwýu geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň ştatdan daşary habarçysy Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanda 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Bu ýagdaýa siz nähili baha berýärsiňiz?

Howard L.Berman: Men jenap Ýazgulyýewiň tussag edilenligine juda gynandym. Bu maňa syýasy äheňli aýyplama we žurnalistiň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen edýän hyzmatdaşlygyna garşy ar almak üçin görlen çäre bolup görünýär.

Sud prosesi ýapyk gapylaryň aňyrsynda we kadaly iş sagadynyň daşynda amala aşyryldy. Men şol prosesiň adalatly geçenligine ynanmaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Bu barada Türkmenistanyň hökümetine nähili çagyryş edesiňiz gelýär?

Howard L.Berman: Türkmenistanyň hökümeti ýurduň raýatlarynyň söz azatlygy boýunça hukugynyň bardygyna göz ýetirmeli. Eger Türkmenistan adalatly bir ýurt bolmak isleýän bolsa, ýurdy dolandyrmak boýunça demokratik düzgünleri ýola goýmaly, köp pikirlilige hormat etmeli, söz we metbugat azatlygyny kepillendirmeli.

Men bu meseleler barada mundan 5-6 aý ozal Türkmenistanyň prezidentine hat ugradypdym, ýöne onuň hiç zada peýdasy degmedik ýaly. Hökümet erkin jemgyýetlerde çydam edip bolmajak şol bir ýanama we jenaýata çekme usullaryny ulanýan ýaly görünýär.

Azatlyk Radiosy: Siz Kongresiň Wekiller öýüniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň ýokary derejeli agzasy hökmünde, bu mesele boýunça Türkmenistanyň hökümetine basyş etmek üçin geljekki günlerde haýsydyr bir anyk ädim ätmegi planlaşdyrýarsyňyzmy?

Howard L.Berman: Şu interwýuny bermek we bu meselede sesimi çykarmak arkaly, men jenap Ýazgulyýewiň suduň çykaran şol kararyna garşy ýüzlenmäge taýýarlanýan häzirki pursadynda, türkmen ýolbaşçylarynyň şol prosesiň adalatly bolmanlygyny göz öňünde tutup, bu meseläni gaýtadan gözden geçirjegine we dogry karara gelip, žurnalisti erkinlige goýberjegine umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Bilşiňiz ýaly, şeýle wakanyň ýüz bermegi Türkmenistanda ilkinji gezek däl. Öz raýatlary bilen gowy çemeleşmegi we olaryň hak-hukuklaryna sarpa goýmagy üçin, ABŞ-nyň hökümeti hakyky manyda Türkmenistan ýaly ýurtlaryň ýolbaşçylaryna nähili täsirini ýetirip biler?

Howard L.Berman: Meniň pikirimçe, Türkmenistan Birleşen Ştatlar bilen hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyk gurmak isleýär. Men Döwlet departamenti we Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen işleşip, ýurtda şeýle wakalaryň yzygiderli bolup duran halatynda, Türkmenistanyň ABŞ bilen oňyn özara gatnaşygy hiç haçan hem ýola goýup bilmejegine göz ýetirmegi üçin Aşgabada basyş etmäge synanyşýaryn.

Elbetde, ol özbaşdak ýurt, şunlukda Türkmenistanyň hökümetine näme etmelidigini aýdyp, buýruk berip bilmeris. Emma şeýle wakalar, elbetde, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň gatnaşyklaryna zeper ýetirýär.
XS
SM
MD
LG