Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemenli aýal Nobel baýragyndan düşen puly halka bagyşlajagyny aýdýar


Ýemenli adam hukuklaryny goraýjy Tawakkul Karman özüne Nobel baýragynyň şärikli eýesi hökmünde berlen puly Ýemeniň jemgyýetçilik gaznasyna berjegini aýdýar.

Ýemeniň oppozisiýa websaýty Mareb Press Karmanyň paýtagt Sanaada aýdan sözlerine salgylanyp, onuň baýrak hökmünde alan ýarym million dollarynyň prezident Ali Abdullah Saleh işden çekilenden soň ýemen halkyna bagyşlanjagyny ýazdy.

Saleh şenbe güni gelýän günlerde özüniň işden çekiljegini aýdyp, şeýle diýdi: “Siz näme üçin içi iki müň ýaragly harby ammarlary talaýarsyňyz, bu ogurlyk. Siz näme üçin Haýil köçesindäki altyn dükanlaryny talaýarsyňyz? Bu siziň ýurt üçin geljekki proýektiňizmi? Ýykan-ýumranlyk siziň şygaryňyzmy? Bu meniň häkimiýetparazlygym üçin däl, men häkimiýeti ret edýärin we ony gelýän günlerde tabşyrýaryn”.

Ýöne ol yzynda ýurda gözegçilik etjek dürs adamlaryň boljagyny hem sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG