Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sirte şäherinde Kaddafiniň tarapdarlary yza çekildiler


Liwiýada häkimiýetden agdarylan Muammar Kaddafiniň ýurduň günorta-günbatarynda Niger hem Alžir bilen serhede ýakyň ýerlerde gizlenýändigini ýurduň tauregler taýpasynyň wekilleri öňe sürýärler.

Bu barasynda duşenbe güni Milli geçiş geňeşinde bu taýpa wekilçilik edýän Musa al-Kouni aýtdy. Şol gün Liwiýanyň täze häkimiýetleri Kaddafiniň dogduk şäheri bolan Sirte şäherinde onuň tarapdarlarynyň burça gabalandygyny, şäheriň 90% territoriýasyna Milli geçiş geňeşiniň güýçleriniň kontrollyk edýändigini habar berdi.

Kaddafiniň tarapdarlarynyň kontrollygyndaky ikinji şäher bolan Beni-Walidde düýn oppozision güýçler bir gün öň eýelän pozisiýalaryndan yza çekildiler.
XS
SM
MD
LG