Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl ýesirlikdäki bir harbysynyň öwezine 1027 palestinlini boşadar


Ysraýylyň hökümeti Yslamçy “Hamas” topary bilen gelnen ylalaşygy tassyklady. Şol dokumente laýyklykda, 2006-njy ýylda “Hamas” topary tarapyndan ýesir alnan ysraýyl harbysy Gilad Şalid azatlyga çykar.

Onuň öwezine Ysraýylyň türmelerinde oturan 1027 palestinli tussaglykdan boşadylar.

Ysraýylyň premýer-ministriniň aýtmagyna görä, Şalid ýakyn günlerde öýüne dolanar.

“Hamas” toparynyň lideri Haled Mişalyň aýtmagyna görä, 1027 palestinaly iki tapgyrda azat ediler. Birinji tapgyrda 450 adam azat ediler. Galanlar bolsa, iki aýyň içinde boşadylar. Azatlyga çykýanlaryň arasynda 27 aýal maşgala hem bar.
XS
SM
MD
LG