Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Annette Bohr: Ýagdaý diňe halka bagly


Annette Bohr: "Ýurduň içindäki ýagdaý doly halkyň erk-islegine, ymtylyşlaryna bagly. Esasy aýtjak bolýan zadym: ilatyň bilim-sowat derejesini ýokarlandyrmak gaty möhüm".
Annette Bohr: "Ýurduň içindäki ýagdaý doly halkyň erk-islegine, ymtylyşlaryna bagly. Esasy aýtjak bolýan zadym: ilatyň bilim-sowat derejesini ýokarlandyrmak gaty möhüm".

12-nji oktýabrda Londonda “Chatham House” atly halkara gatnaşyklar institutynda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna bagyşlanyp, ýörite Tegelek stol maslahaty geçirildi. Oňa “Chatham House” guramasynyň Orsýet we Ýewraziýa programmasynyň wekili Annette Bohr hem gatnaşdy. Azatlyk Radiosy Annette Bohr bilen şu çäre barada ýörite söhbetdeş boldy.


Azatlyk Radiosy: Hanym Bohr, 12-nji oktýabrda “Chatham House” guramasynda Türkmenistanyň içerki hem daşarky syýasatyna bagyşlanyp, ýörite Tegelek stol çäresi geçirildi. Şol diskussiýanyň geçişi, onda edilen çykyşlar barada gysgaça gürrüň berseňiz.

Annette Bohr: 12-nji oktýabrda geçirilen çäre iki bölümden ybarat boldy. Onuň birinji bölümi Türkmenistanyň içinde adam hukuklarynyň berjaý edilişine bagyşlandy. Onda “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin çykyş etdi.

Ondan soň “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň wekili Anna Hess çykyş edip, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynyň ýagdaýyna ünsi çekdi. Şeýle hem ol “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň Türkmenistanda alyp baran işlerini bes etmäge nämäniň mejbur edendigini düşündirdi.

Anna Hessden soň, Norwegiýadan gelen bir wekil Merkezi Aziýa regionynda ýerleşýän ýurtlaryň saglygy saklaýyş pudaklaryndaky şertler barada çykyş edip, Türkmenistany beýleki göňşy ýurtlar bilen deňeşdirdi. Tegelek stol çäresiniň ikinji bölüminde bolsa, Türkmenistanyň alyp barýan daşarky syýasaty barada gürrüň boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz Merkezi Aziýa regionyndaky ýurtlaryň saglygy saklaýyş pudaklaryny deňeşdirip çykyş etdiler diýdiňiz. Şonda beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, Türkmenistandaky ýagdaýa nähili baha berildi?

Annette Bohr: Beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynyň ýagdaýy has ýaramaz baha aldy diýse boljak. Ýöne bu barada çykyş eden wekil anyk maglumat esasynda deňeşdirip bilmedi. Emma, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynyň regionda iň gowşakdygy belli zat.

Şeýle hem, bu diskussiýada Türkmenistan barada gowy maglumatlaram berildi. Ýagny, söhbetdeşlige gatnaşanlaryň käbirleriniň çykyşy belli bir derejede optimistik umyt döretdi. Şol çykyşlardan çen tutsaň, ýurduň käbir pudaklaryndaky ýagdaý gowulanar diýip bolmasa-da, bu ugurdaky ýagdaýlaryň şeýle bir garaňky däldigi belli boldy.

Öň Türkmenistanda sowatsyzlygyň giňden ýaýrandygy aýdylan bolsa, bu gezekki çykyşlar umyt döretdi. Daşary ýurtlarda okap ýören ýaş, sowatly türkmenleriň köpdügi aýdyldy. Ýone olaryň köpüsi daşary ýurtda galmak mümkinçiligi dörän halatynda, Türkmenistana gaýdyp barmaýarlar.

Azatlyk Radiosy: 12-nji oktýabrda geçirilen Tegelek stol söhbetdeşliginde siz hem çykyş etdiňiz. Siziň çykyşyňyz näme barada boldy?

Annette Bohr: Men Türkmenistanyň alyp barýan daşarky syýasaty barada çykyş etdim. Öz çykyşymda Berdimuhamedowyň ýurda ýolbaşçylyk edýän döwründe daşarky syýasatda ýöredilýän strategiýanyň kän bir özgermändigini belledim.

Dogry, Berdimuhamedow Nyýazow bilen deňeşdirilende, daşary ýurtlara has köp syýahat edýär. Ýöne Nyýazowyň ömrüniň soňky on ýyly onuň saglygy bilen bagly köp problemalary boldy.

Azatlyk Radiosy: Hanym Bohr, siz Türkmenistandaky ýagdaýa uzak wagtlap syn edip gelýän adam hökmünde ýurduň hakykatdan hem açylmagy üçin näme etmeli diýip pikir edýärsiňiz?

Annette Bohr: Meniň pikirimçe, köp zat halkyň özüne bagly. Ýeri gelende aýtsam, diskussiýanyň esasy temasynyň biri – näme üçin halkara guramalary türkmen häkimiýetlerine täsir edip bilmeýärler diýen mesele boldy.

Elbetde, Türkmenistanyň içinde bolup geçýän wakalar bilen Günbatar gyzyklanýar, emma türkmen häkimiýetleri adam hukuklary bilen bagly halkara guramalarynyň maslahatlaryna, duýduryşlaryna, talaplaryna düýpden reaksiýa bildirmeýär. Gaýta aýdylýanlaryň tersine hereket eden halatlary-da bar.

Muňa anyk mysallary getirip biljek. Şonuň üçin ýurduň içindäki ýagdaý doly halkyň erk-islegine, ymtylyşlaryna bagly. Esasy aýtjak bolýan zadym: ilatyň bilim-sowat derejesini ýokarlandyrmak gaty möhüm.
XS
SM
MD
LG