Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada ýene-de protestçilere garşy ýarag ulanyldy


Şu gün Siriýanyň Liwan bilen aralykdaky serhetlerine golaý ýerleşýän Zabadani şäherinde protest çykyşlaryny basyp ýatyrmak üçin hökümet güýçleri awtomat we artilleriýa ýaraglaryny ulandylar.

Munuň özi Siriýanyň režiminiň protestçilere garşy nobatdaky gazaply güýç ulanmasy hökmünde alamatlandy. Bu soňky wakada anyk näçe adam ýitgisiniň bolandygy barada maglumat alynmady.

Emma Birleşen Milletler Guramasy Siriýada soňky ýedi aý bäri dowam edýän protestleriň barşynda jemi 3 müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.

Şu gün Arap Ligasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleri Kairde maslahata ýygnanyp, Siriýanyň režiminiň bu rehimsiz çärelerine jogap edip, bu ýurdy Arap Ligasyna agzalykdan çykarmalymy ýa çykarmaly däldigi baradaky meseläni maslahatlaşýarlar.
XS
SM
MD
LG