Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hamas ysraýylly esgeri azatlyga goýberdi


Ysraýylly esger bäş ýyl töweregi Gaza zolagynda ýesirlikde saklanandan soň, Hamas topary tarapyndan azatlyga goýberildi we Ysraýyla dolandy.

Hamas sişenbe güni Müsürde Şalidi müsür resmilerine tabşyrdy. Bu Ysraýyl-Palestin tussaglaryny çalyşmak ylalaşygynyň çäklerinde amala aşyryldy. Bu ylalaşyga Müsür araçylyk etdi.

Bu aralykda Ysraýyl ýüzlerçe palestin tussagyny boşadyp, Gaza goýberdi.

Şalit 2006-njy ýylda serhetde palestin söweşijileri tarapyndan ele salnandan soň, Hamasyň gözegçiligindäki Gaza zolagynda saklanýardy.

Ysraýyl Şalidiň boşadylmagynyň öwezine müňden gowrak palestinaly tussagy azatlyga goýberer. Sişenbe güni 477 palestinaly tussag azat ediler. Ýene-de 550 adam şu ýylyň dowamynda tussaglykdan boşadylar.
XS
SM
MD
LG